Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1433076
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýede koronawirusdan soň ýagdaý tiz depginler bilen kadalaşýar" söz başyly habarynda, Türkiýede koronawirus epidemiýasyndan soň gündelik durmuş tiz depginler bilen kadalaşmaga dowam edýändigini habar berýär. Şoňa laýyklykda 65 ýaşdan ýokary bolan raýatlar hepdäniň her güni sagat 10:00-20:00 aralygynda daşaryk çykyp bilerler. 18 ýaşdan kiçileriň daşaryk ene-atalary bilen çykmaklary bilen bagly gadagançylyk ortadan aýryldy. Naharhanalar, kafeler we üýşmeleň ýerleriň ýapylyş sagady 22:00-dan 24:00-a çenli uzadyldy. Kinoteatr, teatr ýaly ýerler käbir düzgün-kadalara laýyklykda 1-nji iýuldan başlap hyzmat bermäge başlar. Toý mekanlary bolsa 1-nji iýuldan başlap hyzmat bermäge başlar. 

Watan gazedi: "Çawuşogly: Dünýäniň 125 ýurduna lukmançylyk enjam kömegini ugratdyk" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, koronawirus epidemiýasy etabynda Türkiýäniň başgalaryna ýardam bermek babatynda irki etapdan başlap hereket etmäge başlandygyny belläp, häzirki wagta çenli dünýäniň 125 ýurduna lukmançylyk enjam kömegini ugradandyklaryny, kömek bermäge dowam etjekdiklerini mälim etdi. Mewlüt Çawuşogly, bosgunlar bilen bagly bolsa: "Munyň hötdesinden ýeke başymyza gelip bilmeris. Raýdaşlyga mätäçligimiz bar" diýip nygtady. 

Hürriýet gazedi: "Liwiýada söz eýesi Türkiýe" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ozalky orunbasary Metýu Braýzanyň, Liwiýanyň goşunynyň huntaçy general Halife Haftere tabynlykdaky güýçlere garşy üstünlikli netijeler almaga başlamagy bilen baglanşykly: "Türkiýe mundan beýläk Liwiýada söz eýesi, agdyklyk edýän güýç. Türkiýe meniň pikirimçe eden işleri bilen öwülmäge laýyk bir ýurt" diýendigini aýan edýär. Metýu Braýza Hafteriň bolsa Liwiýany bölmäge we basyp almaga synanyşandygyny belledi. 

Star gazedi: "Türkiýe adalatyň we ejir çekenleriň ýanynda durmagy saýlady" söz başyly habarynda, Kataryň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Salim Mübärek Al Şafiniň, 2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda Doha bilen gatnaşyklaryny kesen Saud Arabystanynyň, BAE-niň, Bahreýniň we Müsüriň ýurduna garşy girizen ambargolaryna 3 ýyl geçendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Katarly ilçi: "Türkiýe embargo garşy özüni erbet niýetli taraplardan uzaklaşdyryp, ýörelgelerine laýyklykda we adalatyň we ejir çekenleriň ýanynda durmagy saýlady" diýip nygtady. 

Haber Türk gazedi: "Daşary ýurtly maýadarlara ýeňillikler döredilýär" söz başyly habarynda, Stambul Maliýe merkeziniň maksatlarynyň çäginde maýa bazarlarynyň halkara standartlara laýyk gelmegi üçin işleriň alynyp barylýandygyny habar berýär. Gazna we maliýe ministrliginiň merkezi Belgiýada ýerleşýän Euroklear Banky bilen edýän hyzmatdaşlygynyň saýasynda daşary ýurtly maýadarlar, ýurdyň içinde bank hasaplary bolmasada, türk lirasy, walýuta we altyn görnüşindäki obligasiýalaryna ygtyýarlary bolar. 


Etiketkalar: #Watan , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar