Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1413195
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşindäki üstünligi görkezijiler bilen" söz başyly habarynda, Täze görnüş koronawirusa garşy göreşde dünýäniň beýleki ýurtlary bilen wirusa ýolugan we wirusdan sagalan adamlaryň sany boýunça deňeşdirilende Türkiýede wirusa ýolugyp, soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany, dünýä derejesindäki görkezijilerden ýokarydygyny habar berýär. Şu hepdäniň çarşenbe güni aýan edilen görkezijilere görä dünýä derejesinde koronawirusa ýolugyp, soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany 33,76 göterim bolýan bolsa, şol görkeziji Türkiýede 59,36 göterim hökmünde bellige alyndy. 

Hürriýet gazedi: "Türkiýeden dünýä nusgawy hereket" söz başyly habarynda, Türkiýe Argentinada kyn ýagdaýda galan we ozal 6 ýurdyň alyp gitmegi ret eden 9 ukrain raýatyny Türkiýäniň raýatlary bilen bilelikde ol ýerden alyp gaýdandygyny mälim edýär. Ukrainanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Andrii Sybiha, raýatlaryna ýardam eden Türkiýäniň hökümetine minnetdarlyk bildirdi. 

Star gazedi: "Daşary işler ministrliginden Ysraýylyň bikanun ýaşaýyş ýerleriniň giňeldilmegi baradaky kararyna reaksiýa" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň, Ysraýylyň Goranmak ministri Naftali Bennetiň bikanun ýaşaýyş ýerlerine goşmaça binalaryň gurulmagy bilen bagly karary barada: "Ysraýylyň BMG-nyň kararlary başda bolmak bilen halkara hukugy äsgermän kabul eden kararyny ýene-de bir gezek ret edýäris, doganlyk Palestinanyň halkynyň we Palestinanyň hakly dawasynyň ýanynda hemişe boljakdygymyzy ýene-de bir gezek belläp geçýäris" diýip nygtalandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Sabah gazedi: "Türkiýäniň göçümleri öz miwelerini berýär!" söz başyly habarynda, Türkiýäniň soňky ýyllarda eden oba hojalyk bilen baglanşykly göçümleriniň öz miwelerini bermäge başlandygyny aýan edýär. Ýylyň ilkinji 4 aýynda oba hojalyga degişli pudaklaryň eksporty 2019-njy ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 2,9 göterim artdy. 

Haber Türk gazedi: "Patarada tapylan gadymy ýazgy gazuw agtaryş işlerini geçirýän topary şatlandyrdy" söz başyly habarynda, Antalýa welaýatynyň Kaş etrabynda ýerleşýän gadymy Patara şäherinde gazuw agtaryş işlerini geçirýän toparyň, şäheriň gadymy teatrynda geçiren işlerinde ýazgy tapandyklaryny habar berýär. Gadymy şäheriň ýaşaýjylarynyň birine berilen sylaglandyrma ýazgysy, gözden geçirilmek maksady bilen gorag astyna alyndy. 


Etiketkalar: #Star , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar