Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1411792
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Türkiýe çalt depginler bilen gündelik kadaly durmuşa gaýdyp gelýär" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, koronawirus epidemiýasynyň ösen ýurtlaryň saglygy goraýyş, ykdysady we sosial pudaklarynyň güýçli bolmandygyny görkezendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýäniň bolsa ählitaraplaýyn ýagdaýda ösen ýurtlardan has düzgün pozisiýa eýeländigini aýdan Erdogan: "Epdemiýa etabyndaky tejribelerimizi has uly üstünliklere öwüreris" diýip belledi. 

Hürriýet gazedi: "Dünýä metbugaty Türkiýäni nusgawy ýurt hökmünde görkezdi" söz başyly habarynda, Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde Ýewropanyň ençeme ýurdy şowsuz göçümler eden bolsa, Türkiýe bolsa öz gezeginde gören çäreleri bilen dünýä metbugaty tarapyndan nusgawy ýurt hökmünde görkezilendigini habar berýär. Fransiýanyň AFP habarlar agentligi we ABŞ-nyň CNN media gullugy Stambula gelip, Türkiýäniň epdemiýa garşy göreşindäki üstünlikli göçümlerini gözden geçirdi. 

Star gazedi: "Türkiýe oňyn bir mysal" söz başyly habarynda, Demirgazyk Makdenoýanyň ozalky Saglygy goraýyş ministri Prof. Dr. Dragan Danilowskiniň, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyny üstünlikli ýagdaýda dolandyrandygyny we oňyn bir mysal görkezendigini aýdandygyny mälim edýär. Danilowski, köp ilatly ýurtlar kategoriýasyna girýän Türkiýäniň epidemiýanyň başyndan başlap täsirli syýasatlar alyp barandygyny beýan etdi. 

Watan gazedi: "Türkiýe global kärhanalaryň täze önümçilik merkezi bolup biler" söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň, 11-nji maýdan başlap Türkiýede ähli awtoulag fabriklerini ýaňadandan işlemäge başlajakdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Warank senagat pudagyna ählitaraplaýyn kömek beriljekdigini beýan etdi. 

Sabah gazedi: "Sabiha Gökçen howa menzili ýük daşaýan uçarlar üçin açyldy" söz başyly habarynda, koronawirusa garşy göreşiň çäginde wagtlaýyn ýapylan Sabiha Gökçen howa menziliniň, uçuş zolagynyň abatlamak işleriniň geçirilendigini mälim edýär. Abatlamak işleriniň tamamlanmagy bilen howa menzili ýük uçarlaryna açyldy. 


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar