Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1389003
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Prezident Erdogan we Tramp koronawirus bilen bagly telefon söhbetdeşligini geçirdiler" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar berýär. Telefon söhbetdeşliginde bütin dünýä özüniň ýaramaz täsirini ýetirýän koronawirus epidemiýasy ara alynyp maslahatlaşyldy. Iki lider epidemiýa garşy göreşiň diňe global arkalaşyk we hyzmatdaşlyk bilen üstünlikli ýagdaýda netijelenip biljekdigini bellediler. 

Hürriýet gazedi: "Saglyk ýagdaýy gowulaşan adamyň gany bilen koronawirus bejergisi Türkiýede başlaýar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginiň we Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň işe girişendigini, uniwersitetleriň bolsa goldaw bermäge başlandygyny mälim edýär. Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlardan alynjak ganyň plazmasyndan emele getiriljek önüm saglyk ýagdaýy tankydy bolan adamlaryň bejergisinde ulanylmaga başlanar. 

Sabah gazedi: "NATO-dan deňagramlylyklary üýtgetjek taryhy göçüm! Sanawda Türkiýe hem bar" söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň, alýansyň syýasy tarapyny güýçlendirmek üçin netijelendirme etabyny dolandyrjak adamlaryň sanawyny aýan edendigini belleýär. Sanawdaky adamlaryň arasynda NATO-nyň Baş sekretarynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýän türk ilçi Tajan Ildem hem bar. 

Watan gazedi: "Bilim ministrligi aýan etdi: Her gün 100 müň sany öndüriler" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Bilim ministrligi tarapyndan koronawirusa garşy görülýän çäreleriň çäginde başladylan Derňew-işläp taýarlama işleriniň netijesinde, Stambulyň Küçükköý hünär we tehniki Anadoly liseýinde, awtomatik 3 gatly simli ultrasesli hirurgik maskanyň enjamynyň önümçiligi işiniň tamamlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýärr. Liseýde günde 100 müň hirurgik maska öndüriler. 

Ýeni Şafak gazedi: "Ýerli dem alyş enjamynyň ilkinji prototipi" söz başyly habarynda, Baýkar goranyş edarasynyň Tehniki işlerden jogapkär müdüri Selçuk Baýraktaryň, Twitter hasabyndan ýerli dem alyş enjamynyň ilkinji prototipi bilen baglanşykly wideony paýlaşandygyny habar berýär. 


Etiketkalar: #metbugat , #gazet , #Watan , #NATO

Degişli Habarlar