Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1379616
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Fahrettin Altun: Biz bu mesele babatynda çürt-kesik tutanýerlidiris” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň: “Ýokary riskli adamlar bilen birlikde ähli raýatlarymyzy keselden goramak babatynda çürt-kesik tutanýerlidiris” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Fahrettin Altun Twitter hasabyndan täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş bilen bagly beren beýanatynda bolsa: “Türkiýe, halkara uçar saparlaryny goý bolsun etmek we distansion bilim usulyna geçmek ýaly çäreleri wagtynda görüp Kovid-19-yň ýaýramagynyň üstünlikli ýagdaýda öňüni aldy” diýip belledi.

Sabah gazedi: “Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Çelikden koronawirus bilen bagly beýanat” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çeligiň, düýn koronawirus bilen baglanşykly beýanat berendigini habar berýär. Çelik: “Wirusa garşy görülýän çärelere gulak asmak, öz durmuşymyzyň, ýurdumyzyň we ähli adamzadyň öňündäki jogapkärçiligimizdir. Bu synagdan diňe görülýän çärelere gulak asyp geçip bileris” diýip nygtady.

Hürriýet gazedi: “Ministr Albaýrak koronawirus bilen bagly meýilnamany aýan etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň, koronawirus epidemiýasynyň ýetirjek täsirlerine garşy taýarlyklydyklaryny aýdandygyny mälim edýär. Önümçiligiň we iş gatnaşygyň düzgünleriniň bozulmazlygy üçin zähmet bazarynyň goralmagynyň möhümdigini aýdan ministr Albaýrak: “Bazarlaryň likwidlige bolan ygtyýarynda iň kiçijek hem kemçiligiň bolmazlygy üçin çäre görüldi we mundan soň hem görülmäge dowam ediler” diýip aýan etdi.

Star gazedi: “Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulaglary Ukrainada synagdan geçirildi” söz başyly habarynda, Ukrainanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Baýraktar TB2 kysymly uçarmansyz howa ulaglarynyň Ukrainanyň goşunynyň inwentaryna girendigini aýdandygyny mälim edýär. Baýraktar TB2 kysymly uçarmansyz howa ulaglarynyň synag uçuşlarynyň amala aşyrylandygy mälim edilen beýanatda: "Baýraktary tiz depginler bilen howa galdyrdyk we harby tälime başladyk" diýip aýan edildi. Ukraina Türkiýeden 6 sany Baýraktar TB2 kysymly uçarmansyz howa ulagyny satyn alypdy. 

Ýeni Şafak gazedi: “ASELSAN tarapyndan öndürilen lukmançylyk enjamlary ulanylmaga beriler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň goranyş senagaty pudagy boýunça lider kärhanalaryň biri bolan ASELSAN-yň lukmançylyk tehnologiýalary babatynda hem daşary ýurtlara bolan garşlylygy azaltmak üçin iş alyp barýandygyny habar berýär. ASELSAN saglygy goraýyş tehnologiýalar babatynda anyklama, diagnostika we ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi ýaly 3 aýry ugur boýunça lukmançylyk enjamlarynyň üstünde işlemegi meýilleşdirýär. Kärhana şol çäkde enjamlary oýlap tapmak we olary özgertmek üçin hem ýurdyň öz içindäki hem-de daşary ýurtlardaky firmalar we ylmy-derňew merkezleri bilen hyzmatdaşlyk etmek ugrunda iş alyp barýar.


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar