Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1346039
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Dawosda Stambul Finans Merkezine uly gyzyklanma” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň Türkiýä we Stambul Finans Merkezine uly gyzyklanma görkezilendigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Dawosda köp sanly daşary ýurt pudak ýolbaşçylary bilen duşuşandyklaryny nygtan Albaýragyň: “Stambulyň finans merkezine öwrülmegi tebigy ýagdaýda dowam edýär. Finans merkezi üçin Aýlag we Aziýa ýurtlaryndan uly gyzyklanma bildirilýär, gepleşikler dowam edýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Türk maýasyna ynananlar uly girdeji aldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň sözüň doly manysynda pursatlar ýurdudygyny beýan eden Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň dünýä belli käbir firmalaryň türkiýede maýa goýmagy meýilleşdirýändiklerini, Türkiýedäki halkara maýadarlarynyň ýurtdaky potensiala has gowy göz ýetirýändikleri üçin täze maýa goýumlaryna girişip, mümkinçilillerini artdyrýandyklaryny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Birža Stambul rekorda doýmaýar” söz başyly habarynda, Birža Stambulda BİST 100 indeksiniň düýn açylyş seansynda 0,53 göterim ýokarlap, 124,215,90 bal bilen ähli döwürleriň iň ýokary çägine ýetendigini, bankçylyk indeksiniň bolsa 0,94 we holding indeksiniň 0,76 göterim ýokarlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Gyrgyz Respublikasyndan Türkiýä gelip, ýerli awtoulaga isleg bildirdiler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Awtoulag Telekeçilik Toparynyň 2022-nji ýylda öndürmäge başlajak “Türkiýäniň awtoulagyna” gyrgyz işewürleriniň uly gyzyklanma bildirilendigini ýazýar. Gazet gyrgyzystanly işewür Mederbek Aitbaýewiň: “Bu awtoulag üçin eýýam millionlarça isleg bildirilipdir. Ol hem munuň üstünlikli taslamadygyny görkezýär. Bu üstünlikli taslamanyň bir bölegini Orta Aziýa, Gyrgyz Respublikasyna alyp gitmek isleýäris” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “İnflýasiýa ýylyň ahyrynda bir öýjükli sanlara düşer” söz başyly habarynda, Merkezi bankyň başlygy Murat Uýsalyň inflýasiýa we pul syýasatynda ünsli seljermeleriň edilmeli pursatlaryny başdan geçirýändiklerini aýdandygyny ýazýar. Habarda ýanwar aýynda göterimleri aşakladandyklaryny beýan eden Uýsalyň: “İnflýasiýa çaklamalaryndaky gowulanma bize bu başlangyçlary ünslülik bilen etmäge pursat döretdi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Merkezi bankyň başlygy Murat Uýsalyň inflýasiýanyň ýylyň ortasynda bir öýjükli sanlara düşmegine garaşýandyklaryny mälim etdi.



Degişli Habarlar