Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1343848
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Liwiýa maslahatynyň Jarnamasy çap edildi” söz başyly habarynda, Liwiýada hüjümleriň doly bes edilmegi we syýasy tapgyryň başlamadylmagy maksady bilen Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen maslahatyň Jarnamasynyň çap edilendigini ýazýar. Gazet jemleýji Jarnamada hüjümleriň bes edilmeginiň ýany bilen taraplara we olaryň ýaranlaryna harby işlerini bes etmekleri hem-de BMG-niň ýarag embargosuny berjaý etmek üçin çagyryş berilendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdogan: Miçotakis oýuny ýalňyş oýnaýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Liwiýada söweş baronlary tarapyndan goldanýan ýaragly güýçleriň başynda durýan huntajy general Haftary Gresiýa çagyryp, onuň bilen duşulan Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Miçotakise berk reaksiýa bildirendigini ýazýar. Habarda Miçotakis bilen NATO-nyň maslahatynda 1,5 sagat dowam eden duşuşyk geçirendiklerini nygtan Erdoganyň, Haftary goldaýan Miçotakisiň Türkiýe bilen gatnaşyklar boýunça tagalla etmeýändigini we onuny ýalňyş oýnaýandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “         “Ýawuz” burawlaýyş gämisine Gündogar Ortaýer deňzinde täze tabşyryk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň “Ýawuz” burawlaýyş gämisiniň Gündogar Ortaýer deňzinde üçünji burawlaýyş işlerini alyp barmak üçin adanyň günortasyndaky “G” ygtyýar giňişligine barandygyny ýazýar. Habarda mesele boýunça beýannama beren Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Hami Aksoýyň “Kiprli türkleriň hukuklaryny goramaga dowam ederis. Bu giňişlikde adanyň şärik eýesi hökmünde Kipr türkleriniň hem azyndan kiprli grekleriňkiçe hukuklary bar” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “2019-njy ýylda eksport goldawlaryna rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň eksporta berilen döwlet goldawlary taýdan 2029-njy ýylyň altyn ýyllardan biri bolandygyny nygtap: “Goldaw býujetinden Respublika taryhynyň rekorduny goýduk we 3,2 milliard lira barabar serişde bilen eksporta iň ýokary goldawy berdik. 2020-nji ýylda haryt we hyzmatlar boýunça eksportymyz üçin jemi 3,8 milliard liralyk goldaw býujetini eksportçylarymyza hödürläris” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “ÝB: Türkiýä beriljek serişdelere goşmaça çäklendirme goýulmaz” söz başyly habarynda, ÝB-niň Türkiýä agzalykda ozal maliýe goldaw gaznalaryna goýulan çäklendirmeleriň giňeldiljekdigi baradaky habalaryň hakykata bap gelmeýändigini beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet düýn nemes köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkiýä beriljek kömekleriň 75 göteriminiň kesiljekdigi barada habarlaryň çykandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar