Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1341147
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Sabah” gazeti, “Prezident Erdogan; Haftaryň hüjümleri dowam eden halatynda degişli jogaby bereris” söz başyly habarynda,  Türkiýäniň ylalaşyk tekstine gol çekmedik Liwiýadaky huntaçy general Haftara berk garşylyk görkezendigini ýazýar.

Gazet, Prezident R. T. Erdoganyň, Türkiýe we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Serrajyň ylalaşyk tekstine gol çekendigi, emma huntaçy general Haftaryň ylalaşyga gol çekmegi kabul etmändigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Erdogandan dünýä ýurtlaryna Idlib çagyryşy” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Asada tabynlykdaky güýçleriň Siriýanyň Idlib şäherinde asuda ilaty öldürmäge dowam etmegine dymmak bilen syn edýän dünýä ýurtlaryna garşylyk görkezendigini mälim edýär.

Gazet, Asada tabynlykdaky güýçleriň asuda ilata garşy barrel bombalary bilen hüjüm guraýandygyna ünsi çeken Erdoganyň “4 ýaşyndaky çagadan terrorçy bolarmy” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti, “Anadolužet, daşary ýurtda 28 ýurda uçar” söz başyly habarynda, Türk Howa Ýollarynyň kiçi howa ýoly markasy Anadolužetiň 29-njy martdan başlap Stambulyň Sabiha Gökçen howa menzilinde dünýäniň çar tarapynda 28 nokada uçjakdygyny habar berýär.

Anadolužet, DKTR, Kuweýt, Bagdat, Baku, Erbil, Tähran, Abu Dabi, Medine, Berlin, Barselona, London, Pariž, Rim we Wena ýaly birnaçe şähere uçar

“Hürriýet” gazeti, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň ykdysady görkezjiler barada beýanat berendigini ýazýar.

Ministr Albaýrak beýanatynda senagat önümçiliginiň gün saýyn ýokarlaýandygyna aýratyn ünsi çekdi.



Degişli Habarlar