Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1337515
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “TürkAkymyň açylyş dabarasynda Erdoganyň we Putiniň beýannamalary” söz başyly habarynda,

“TürkAkym” tebigy gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin düýn Stambula gelen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Prezident R.T.Erdoganyň Stambulda iki gezek duşuşandyklaryny mälim edýär. Gazet duşuşykdan soň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen rus kärdeşi Sergeý Lawrowyň metbugat ýygnagyny geçirendigini, Çawuşoglunyň “Erdogan we Putin Liwiýada 12-nji ýanwar gijesi sagat 00:00-da hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş edýär” diýen sözlerine ünsleri çekýär. Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow bolsa: “Türkiýäniň we Russiýanyň Prezidentleri Pars aýlagynda möwjeýän dartgynlygyň parahatçylykly ýollardan çözülmegi üçin ylalaşdylar” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdoganyň Putine garaşylmadyk sowgady” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “TürkAkym” tebigy gaz turba geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin düýn Stambula gelen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putine Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan neşir edilen “Gündogar Ortaýer Balansynda Strategik Başlangyç: Türkiýe-Liwiýa Ylalaşygy” atly kitabyny sowgat edendigini ýazýar. İňlis we türk dillerinde neşir edilen kitap “Gündogar Ortaýer deňziniň geosyýasy ähmiýeti”, “Gündogar Ortaýer deňziniň uglewodorod potensialy”, “Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzindäki pozisiýasy”, “Gündogar Ortaýer Deňizi boýunça ÝB-niň, Kipriň grek böleginiň we Gresiýanyň pozisiýasy” we “Türkiýe-Liwiýa Ylalaşygy” bölümlerinden ybarat.

“Haber Türk” gazeti “Ministr Çawuşogly Jawad Zarif bilen gepleşik geçirdi söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň düýn Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, sebitleýin meseleler hakynda pikir alyşandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Kandilde PKK agyr zarba uruldy” söz başyly habarynda, terror guramasy PKK-nyň zenanlar bölegi PAŽK-yň ýolbaşçysy diýilýän “Delal Nurhak” kodly Esme Erat bilen sürüjisiniň düýn Milli howpsyzlyk guramasynyň we Türk ýaragly güýçleriniň bilelikdäki operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank: “İndi nobat tizligi ýokarlandyrylan milli otluda” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň relýesli transport ulgamynda uly başlangyçlaryň ediljekdigini nygtap: “Öndürilen lokomotiwlerimiz bilen daşary ýurda bolan garaşlylyk ortadan aýryldy, indi nobat tizligi ýokarlandyrylan otluda” diýen sözlerine üns çekilýär.



Degişli Habarlar