Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň ve ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1333972
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “250 müň bosgun serhedimizde” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 200-250 müň bosgunyň Türkiýe serhedine tarap gelýändigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet düýn Prezidentiň Kompleksinde geçirilen “Şäher ve Hospsyzlyk Maslahatynda” çykyş eden Erdoganyň Siriýanyň İdlib şäheride başdan geçirilýän vakalara ünsi çekip: “200-250 müň bosgun serhedimize tarap gelýär. Käbir çäreler bilen öňüni almaga synanşýarys. Emma iş ýeňil däl, kyn. Raýatyňyza ve size syğynanlara goýýan sarpaňyz näderejede bolsa hovpsyzlygyňzy hem şonçadyr” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Vatan” gazeti “Liviýa harby goşun uğratmak hakyndaky ygtyýarnama Mejlisde kabul edildi” söz başyly habarynda, Mejlisiň Baş Assambleýasynyň Liviýa harby goşun ugratmak hakyndaky ygtyýarnamany ara alyp maslahatlaşanaydygyny ve 325 ses bilen kabul edendigini ýazýar. Gazet ygtyýarnama laýyklykda hökümete Liviýa harby goşun ugratmaga ygtyýar berilýändigini mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Taryhy rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Antalýanyň taryhynyda ilkinji geek 15 million syýahatçy sanyny geçip, 2019-njy ýylda gün, aý ve ýyl rekorduny goýandygyny ýazýar. Habarda gubernator Münir Karaoglunyň 2019-njy ýylda Antalýa iki hova menzilindende, deňiz portundan ve başga şäherlerden üstaşyr görnüşde jemi 15,6 million syýahatçynyň gelendigi nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dolmabahçe köşküni 2019-njy ýylda 1,3 million adam gezip gördi” söz başyly habarynda, Stambuldaky taryhy köşkleri ve saraýlary gezip gören ýerli ve daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynda rekord goýulandygyna ünsleri çekýär. Dolmabahçe köşküne 2019-njy ýylda 915 müňi daşary ýurtly jemi 1,3 million syýahatçy gezip gördi.

“Star” gazeti “Adyýamanda Rim dövründen galan ýaşaýyş ýeri tapyldy” söz başyly habarynda, Adyýamanyň Kahta etrabynda Rim dövründen galandygy çaklanylýan ýaşaýyş ýeriniň tapylandygyny, etrabyň Narinje etrapçasynyň Bagbaşy obasynda daglyk ýerde Rim dövründen galan ýaşaýyş ýeriniň bardygynyň anyklanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar