Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetlerde dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar giň beýan tapýar

1329273
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Gazet Prezidentiň Diwanyndan berilen ýazmaça beýannamada telefon söhbetdeşliginde Liwiýa we Siriýa ýaly sebitleýin meseleler hem-de özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşylandygyna üns çekilýändigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Akar “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy barada beýanat berdi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen baglylykda sebitiň günbatarynda we gündogarda ýerleşýän zolaklarda henizem terrorçylaryň bardygyny we olaryň türk esgerleri tarapyndan gije-gündiz yzarlanýandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Hüjümler bes edilmese İdlib ylalaşygy bozular” söz başyly habarynda, Hökümetiň düýn 2019-njy ýylyň soňky maslahatyndan soň beýanat beren Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň Türkiýäniň Siriýada hökümetiň asuda ilata guraýan hüjümlerini dessine bes etmegini we hüjümler bes edilmese İdlib ylalaşygynyň bozuljakdygyny duýdurandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Gülçülik pudagy eksportda rekord goýdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň gülçülik pudagynda şu ýyl 83 ýurda 110 million dollarlyk eksport edendigini, pudagyň geljek ýylky eksport maksadyny bolsa 125 million dollar hökmünde kesgitländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türkiýe Twitter we İnstagram ulanmakda birinji orunda” söz başyly habarynda, “Deloitte” tarapyndan 7 ýyldan bäri geçirilen “Global mobil ulanynylar barlagynyň” 2019-njy ýyl boýunça jemleriniň beýan edilendigi nygtaýar. Gazet “Deloitte Türkiýe tehnologiýa, media we telekommunikasiýa senagaty” wekili Metin Aslantaşyň barlaga görä Türkiýäniň sosial media ulanmakda birinji orny eýeleýändigini nygtap: “Twitter we İnstagram ulanmakda Türkiýe birinji orunda” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar