Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1324767
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Erdogan: Biz Ýewropada ýer eýesidiris” söz başyly habarynda, Bosgunlaryň halkara forumyna gatnaşmak üçin Şweýsariýa giden Prezident Erdoganyň, şol ýerde Daşary ýurtdaky türkler we garyndaş halklar edarasy tarapyndan geçirlen “Şweýsariýa göçüň 50-njy ýyly” mynasybetli geçirilen dabarada çykyş edendigini habar berýär. Prezident Erdogan Şweýsariýa giden türkleriň 50 ýylda gazanan üstünliklerine buýsanýandyklaryny nygtady. Prezident Erdogan “ Elbetde bu ýerlere gelmek beýle aňsat bolmadyk bolsa gerek. Soňky 50 ýylda gazanan üstünliklerimiziň arkasynda her bir günü gam gussa bilen geçen we kämahal çetleşdirilmek bilen örülen uly göreş bar” diýdi. Prezident Erdogan “Daşary ýurtda ýaşaýan her bir doganymyz türk halkynyň wekilidir we 82 million raýatymyzdan hiç hili tapawudy ýokdyr” diýdi. Türkleriň Ýewropada ýat adam bolmandygyna ünsi çeken Erdogan “Biz Ýewropada ýat adam ýada daşary ýurtly däl. Biz taryhyň dowamynda bolşy ýaly şu günki günde hem Ýewropada ýer eýesidiris” diýdi.

Haber Türk gazedi: “Erdogan: PKK taryhynyň iň agyr zarbalaryny alýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, ekstremist terror guramasy PKK-nyň taryhynyň iň agyr zarbalaryny alýandygyny aýdandygyny mälim edýär. Erdogan: “Soňky 3 ýylda geçiren 3 aýry operasiýa bilen hem ýurdyň günorta serhedinde döredilmek islenen terror koridoryny ýok etdik hem-de Siriýanyň territorial bütewiligini kepillik astyna aljak möhüm göçüm etdik” diýip habar berdi.

Sabah gazedi: “Liwiýa bilen bagly harby hyzmatdaşlyk ylalaşygy kabul edildi” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda howpsyzlyk we harby hyzmatdaşlyk memorandumynyň tassyklanmagy bilen baglanşykly kanun teklibiniň, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Daşary işler komissiýasynda kabul edilendigini aýan edýär. Komissiýanyň metbugata ýapyk häsýetde geçen maslahatynda, kanun teklibi ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýäniň Ýaragly güýçleri: Liwiýadan çakylyk gelen ýaly taýardyrys” söz başyly habarynda, Liwiýada Hafter güýçleriniň hüjümlerine sezewar galan Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetine esger ugratmak barada teklip hödürlän Türkiýäniň, çakylyk gelen ýaly taýarlyklara başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Hökümet Türkiýäniň Ýaragly güýçlerinden esgerleriň ugradylmagy üçin gämiler we uçarlar bilen baglanşykly işlerini başlatmagyny isledi.

Hürriýet gazedi: “Pamukkalede dolulyk derejesi 90 göterime golaýlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň iň möhüm taryhy zolaklarynyň biri bolan Pamukkalede täze ýylyň golaýlap gelmegi bilen geçen ýyllarda bolşy ýaly bu ýyl hem syýahatçylaryň üns merkezindedigini beýan edýär. Täze ýyla birnäçe gün galan mahaly trawertinleri bilen dünýä belli ak jennet Denizli welaýatynyň Pamukkale syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň dolulyk derejesi 90 göterime golaýlady. Täze ýyl gününiň hepdäniň içine gabat gelmegi sebäpli myhmanhanalara has köp daşary ýurtly syýahatçylar gyzyklanma bildirdi.


Etiketkalar: #Pamukkale , #gazet , #Erdogan

Degişli Habarlar