Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1324032
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Erdogan: Günbataryň eden gyrgynçylygyny dünýä jemgyýetçiligine aýan ederis” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň, ABŞ-de indeýeslere garşy edilen gyrgynçylygynyň ABŞ-nyň masgaraçylygydygyny aýdandygyny habar berýär. Telewideniýe kanallaryň birine beýanat beren Erdogan, fransuzlaryň Ruanda, Alžir döwletlerinde eden gyrgynçylygyny, Senegalda eden gul söwdasyny bir gyra süýşürmegiň mümkin däldigini aýan etdi. Bu gyrgynçylyklary bilen bagly ellerinde taryhy subutnamalaryň bardygyny aýdan Erdogan: “Bu zatlaryň ählisini dünýä jemgyýetçiligine ýetireris. Günbataryň rasist we kolonial taryhydygyny orta goýarys” diýip belledi.

Ýeni Şafak gazedi: “Çawuşogly: Liwiýa esger ibermegi talap etse maslahatlaşarys” söz başyly habarynda, Liwiýa bilen iki aýry ylalaşygyň gazanylandygyny aýdan Çawuşogly, olaryň biriniň deňiz giňişlikleriniň çäklendirilmegi, ikinjisiniň bolsa ozal gol çekilen harby hyzmatdaşlyk şertnamasynyň täzelenen görnüşidigini habar berdi. Deňiz giňişlikleriniň çäklendirilmegi bilen bagly ylalaşygyň Mejlis tarapyndan tassyklanandygyny, Prezident R.T. Erdoganyň makullamagy bilen güýje girendigini aýdan Çawuşogly, BMG tarapyndan hem bellige alynandygyny mälim etdi.  Liwiýa bilen harby we howpsyzlyk ylalaşyklaryň ozal hem baglaşylandygyny ýatladan Çawuşogly, Liwiýa esger talap etse muny ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýan etdi.

Hürriýet gazedi: “Ministr Akar: ABŞ-den F-35 alyp bilmesek, başga ýollaryň gözlegine çykarys” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Russiýadan S-400-leri satyn almagyndan soň, ABŞ-nyň F-35 uçar taslamasynda Türkiýä mesele ýüze çykarandygyny aýdan Hulusi Akaryň: “Biz çözgüdiň tapyljakdygyna ynanýarys, sebäbi biz F-35-leriň müşderisi däl, biz taslamanyň hyzmatdaşydyrys. Bu hyzmatdaşlyk üçin takmynan 1,5 milliard dollar töledik. Biz nähili eden bolsak, bu hyzmatdaşlygyň beýleki tarapyndan bolan ABŞ-nyň hem şolar ýaly hereket etmegine garaşýarys. Ýogsam, S-400-lerde bolşy ýaly, mejbur ýagdaýda başga ýollaryň gözlegine çykmaly bolarys” diýendigini mälim edýär.

Watan gazedi: “Türkiýeden Gündogar Ortaýer deňizi bilen baglanşykly yzly-yzyna möhüm göçümler” söz başyly habarynda, Gündogar Ortaýer deňizinde energetika paýlanşygy bilen baglanşykly dartgynlygyň artan wagtynda Türkiýe tarapyndan yzly-yzyna göçümleriň edilendigini aýan edýär. Buraw we harby gämilerini sebite gönükdiren, Liwiýa bilen deňiz serhetlerini kesgitlän Türkiýäniň, indi bolsa DKTR-de uçarmansyz howa ulaglary üçin bir baza gurandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. DKTR-daky Geçitkale howa menzili Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki gözi bolar.

Star gazedi: “Günorta Koreýaly kärhanalar, Türkiýä maýa goýmak isleýär” söz başyly habarynda, Günorta Koreýanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Jessi Çondžu Ýangyň, Türkiýäniň Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky bir köpri bolanlygy üçin Günorta Koreýanyň uly kärhanalarynyň Türkiýä maýa goýmak isleýändigini aýdandygyny beýan edýär. Ýang, Günorta Koreýadan Türkiýä gelýän syýahatçy sanynyň hem ýylsaýyn artýandygyny belläp, geçen ýyl 160 müň Günorta Koreýaly syýahatçynyň Türkiýä gelendigini, bu sanyň şu ýyl 200 müňi geçmegine garşýandyklaryny mälim etdi.



Degişli Habarlar