Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1322837
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “İbrahim Kalyn: “Ýok höküminde” söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň ABŞ-nyň Senatynyň 1915-nji ýyldaky ermeni wakalaryny “genosid” hökmünde ykrar edýän karar taslamasyny kabul etmegi barada beren beýanatynda: “Ýok hökmündäki karar, syýasy, harby we ykdysady pudaklaryň hiç haýsynda Türkiýäniň hakly we ygrarly pozisiýalaryna täsiri bolmaz” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Çawuşoglu: Ysraýyl hyýalyna hiç haçan ýetmez” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň düýn Marokkanyň paýtagty Rabatda Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň 50 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahatda sözlän sözünde palestin halkynyň hukuklaryna eýe bolmagy üçin ýeke-täk umydyň musulmanlaryň jebisligidigini belläp: “Ysraýyl palestin ýurdunyň etniki saplaýyşy we rasist dolanşyk döretmek hyýalyna hiç haçan ýetip bilmez” diýendigini mälim edýär.

“Star” gazeti “Türkiýe bilen Russiýa 15-nji bilelikdäki guryýer gözegçiligini geçirdi” söz başyly habarynda, türk we rus harby güýçleriniň Ýefrat derýasynyň gündogarynda Rasulaýn-Kamyşly zolagyndaky 15-nji bilelikdäki guryýer gözegçiligini geçirendigini ýazýar. Gazet guryýer gözegçiliginiň Rasulaýn-Kamyşly zolagynda iki tarapdan hem 4 ulag bilen giňiligi 6, uzynlygy 48 kilometr giňiligindäki zolakda meýilleşdirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Kuriz”, “marella drim” we “amera” Antalýada” söz başyly habarynda, Malta degişli “Marella Drim” we Bahama degişli “Amera” atly kruiz gämileriniň düýn Antalýanyň Alanýa etrabyna gelendigine ünsleri çekýär. Habarda “Marella Drim” atly gämide esasy bölegi iňlislerden ybarat 1454 syýahatçy bilen 605 adamdan ybarat ekipažyň bardygy beýan edilýär.

“Haber Türk” gazeti “UEFA-nyň esger salamy hakynda karary” söz başyly habarynda, Ýewropanyň Futbol Federasiýalary Bileleşiginiň türk milli ýygyndy komandasynyň gol begençlerinde beren esger salamy üçin jezalandyrylmajakdygyny beýan edendigini mälim edýär. gazet UEFA-nyň 2020-nji ýyldaky Ýewropanyň futbol çempionatynyň seçip alyş oýunlarynda türk milli komandasynyň futbolçylarynyň Albaniýa we Fransiýa basleşiklerinden geçiren gollaryndan soň esger salamyny bermekleri boýunça geçirilen derňew işinde Türkiýä hiç hili jezasynyň berilmändigini ýazýar.



Degişli Habarlar