Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1319987
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Prezident Erdogan: Türkiýe dünýäniň 13-nji iň uly ykdysadyýetidir” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn Stambulda eden çykyşynda, G-20-ä agza Türkiýäniň, satyn-almak paritetine görä dünýäniň iň uly 13-nji ykdysadyýetidigini aýdandygyny habar berýär. Erdogan: “Daşary ýurtlardan iň köp gönüden maýa goýum alan ýurtlaryň sanawynda 4 basgançak ýokaryk çykdyk. Türkiýä goýulan günden maýa goýumlar 13 milliard dollara ýetdi. Daşary ýurtlardan iň köp maýa alan ýurtlaryň biri boldyk” diýip belledi.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýeden Hindistana gynanç ýüzlenmesi: Çuňňur gynanç bildirýäris” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hindistana ýurdyň paýtagty Täze Deli şäherindäki fabrikleriň birinde ýüze çykan ýangynda ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirendigini mälim edýär. Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Täze Deli şäherindäki ýangynda 43 adamyň ýogalandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. Beýanatda: “Hindistanyň halky we hökümeti bilen ýangyn pajygasynda ýogalan adamlaryň dogan-gadyndaşlaryna uly gynanç bildirýäris” diýip bellendi. Täze Deli şäheriniň Rani Žhansi köçesinde ýerleşýän 5 gatly bir kardon fabriginde ýüze çykan ýangynda 43 adam ýogalypdy.

Hürriýet gazedi: “Stambuldaky howa menzillerinden takmynan 96 million ýolagçy syýahat etdi” söz başyly habarynda, Döwlet howa menzilleriniň baş müdürliginiň resmi internet saýtynda berilen maglumata görä, Atatürk howa menzili, Sabiha Gökçen halkara howa menzili bilen Stambul howa menzilinden şu ýylyň ýanwar bilen noýabr aýlary aralygynda syýahat eden ýolagçylaryň sany bilen uçuş saparlarynyň sanynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 1 million 235 müň 632 artandygyny aýan edýär. Aprel aýyndan başlap diňe hususy we ýük gatnawlarynyň amala aşyrylan Atatürk howa menzilinden ýanwar-noýabr aýlary aralygynda 16 million 72 müň 534 ýolagçy syýahat etdi. Ýylsaýyn uçar saparlarynyň artýan Sabiha Gökçen halkara howa menzilini bolsa şu ýylyň 11 aýynda 32 million 627 müň 798 ýolagçy ulandy. Geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda ilkinji etaby dabara bilen açylan, 6-njy apreldäki uly göçüriliş işinden soň doly ýagdaýda işlemäge başlan Stambul howa menzilini ýanwar-noýabr aýlary aralygynda 47 million 297 müň 757 ýolagçy ulandy. Şeýlelik bilen Stambuldaky 3 howa menzilini şu ýylyň 11 aýynda 95 million 988 müň 98 ýolagçy ulandy.

Star gazedi: “Goranmak pudagynyň ägirtleri Kuweýtdäki çärä gatnaşarlar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 10-12-nji dekabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek GDA 2019 çäresine, Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň koordinasiýasy we Goranyş we awiasia senagaty eksportçylar bileleşiginiň goldaw bermegi bilen 20 kärhana bilen gatnaşjakdygyny beýan edýär.

Sabah gazedi: “Ejzajybaşy dünýä 2-njisi boldy” söz başyly habarynda, Ejzajybaşy Witra woleýbol toparynyň, FIVB zenanlar Bütindünýä klublar derejesindäki woleýbol çempionatynyň finalynda Italiýanyň wekili Imoko Wolleýe 3-1 hasabynda ýeňilendigini we dünýäde 2-nji bolandygyny habar berýär.


Etiketkalar: #topar , #dünýä , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar