Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1318825
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti Erdogan Britaniýada žurnalistlere interwýu berdi: Dörttaraplaýyn maslahatyň ikinjisi Stambulda” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasyndan düýn berilen beýannama görä Preizdent Erdogan Britaniýada žurnalistler bilen interwýu geçirdi. Erdogan: “Dörttaraplaýyn maslahaty azyndan ýylda bir gezek geçirmek barada ylalaşdyk. İkinsi maslahaty fewral aýynda Stambulda geçireris. Öz aramyzda karara geldik” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Çawuşoglundan ÝHHG-na FETO duýduryşy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Fetullahçy terror guramasyna degişli adamlaryň we toparlaryň Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň käbir maslahatlaryna gatnaşýandyklaryny belläp: “Bu terrorçy topar türk demokratiýasyny ýykmaga synanşan 2016-njy ýyldaky agdarlyşyk synanşygynyň arkasynda durýar” diýendigini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Stambulyň syýahatçy sany soňky 5 ýylyň iň ýokary çägine ýetdi” söz başyly habarynda, Stambula ýylyň 10 aýynda 12,7 million daşary ýurtly syýahatçy gelen bolsa, onuň 5 ýylyň iň ýokary mukdaryna deň bolandygyny beýan edýär. Habarda üstümizdäki ýylyň 10 aýynda Stambula gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň 965,1 müň sanysynyň nemeslerden ybratdygyna üns çekilýär.

“Star” gazeti “Türkiýäniň ilkinji komos radiasiýasy synag infrastrukturasy açyldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji Ýadro radiasiýasynyň synag infrastrukturasy bolan “Ýakyn Gündogar Tehniki uniwersitetiniň Açylýan Buket Liniýasynyň” açylandygyny ýazýar. Taslamanyň Türkiýäniň emele hemra we älem giňişligi boýunça alyp barýan işlerinden daşarky garaşlylygyny azaltmagyna garaşylýar.

“Sabah” gazeti “Prezidentiň ýanyndaky Maýa goýum ofisiniň başlygy Ermut: “Türkiýä daşary ýurt maýa goýumynyň mukdary artýar” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Maýa goýum ofisiniň başlygy Arda Erumudyň daşary ýurt maýa goýumynyň dünýäde azalýandygyna garamazdan Türkiýede artýandygyny belläp: “Dünýäde maýa goýumlarda Türkiýäniň eýe bolan abraýy hemmelerde ýok. Türkiýe maýa goýum pursatlary taýdan tapawutlanýar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar