Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1301070
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan berk duýdurdy: “Muňa synçy bolup galmarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlis toparynyň maslahatynda sözlän sözünde Siriýadaky howpsyz zolakda henizem terrorçylaryň bardygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň: “Kesgitlän howpsyz zolagymyzyň çäklerinde terrorçylaryň bardygyny bilýäris. Terrorçylary çykardyk diýmek bilen bizi aldadyp bilmezler. Howpsyz zolagyň daşyndaky terrorçylar hem howpsyzlyk güýçlerimize hüjüm guraýar. Muňa synçy bolup galmarys. Mundan beýläk hem degişli çäreleri göreris” diýen sözelerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Fuat Oktaý: “ABŞ-nyň terrorizm habarnamasy terrorçylyga garşy göreşimizi bökdemez” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň ABŞ-nyň taýarlan 2018-nji ýyl boýunça terrorizm habarnamasynyň Türkiýäniň terror guramalaryna garşy göreşini bökdemejekdigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Oktaýyň: “ABŞ-nyň habarnamasy ne FETÖ garşy ne-de ÝPG-ä garşy alyp barýan göreşimizi bökdemez. Biz oňa ýol bermeris” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Russiýa bilen 2-nji bilelikdäki gözegçilik tamamlandy” söz başyly habarynda, Soçi ylalaşygyna laýyklykda türk we rus esgerleri tarapyndan Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda geçirilen ikinji bilelikdäki guryýer gözegçiliginiň düýn geçirilendigini mälim edýär. Habarda Şanlyurfanyň Suruç etrabynyň gündogaryndaky harby noktadan 4 sowutly ulagdan ybarat Türk ýaragly güýçleriniň kerweniniň bilelikdäki guryýer gözegçiligine gatnaşmak üçin serhetden geçip, rus harby kerweni bilen duşuşandygyny, bilelikdäki harby toparyň Aýnularabyň gündogary bilen Tel Abýadyň günbatary aralygyndaky zolakda gözegçilik işlerini geçirendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Stambul howa menziline “Ýylyň howa menzili baýragy berildi” söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň “İnternationl Airport Rewiew” žurnalynyň geçiren “Okyjylaryň saýlawy” atly baýrakly bäsleşikde “Ýylyň howa menzili” baýragyna laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Habur serhet geçelgesinden eksport 18 göterima artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýakyn Gündogar ýurtlaryna geçilýän ýeke-täk gümrük geçelgesi bolan Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabyndaky Habur gümrük geçelgesinden Yragyň başda durmagynda Ýakyn Gündogar ýurtlaryna ýylyň 9 aýynda edilen eksportyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 18 göterim ýokarlandygyny ýazýar. Gazet Türkiýeden Ýakyn Gündogar ýurtlaryna 9 aýda 1,67 milliard dollarlyk eksportyň amala aşyrylandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar