Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1297699
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Star” gazeti “Erdogan ABŞ-na taslama sebäpli reaksiýa görkezdi: Bütin dünýä ýüzlenýärin. Edilen başlangyjy ykrar etmeýäris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly ermeni tezislerini ykrar edýän karar taslamasynyň kabul edilmegine reaksiýa bildirip: “Amerikanyň halk köpçüligine we bütin dünýä ýüzlenesim gelýär. Kabul edilen kararyň hiç hili manysy ýok. Ony ykrar etmeýäris” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Fuat Oktaý ABŞ-na reaksiýa bildirdi: Ylalaşygyň ruhuna bap gelmeýär” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň kabul eden kararlaryna reaksiýa görkezendigini mälim edýär. Gazet Oktaýyň düýn sosial media hasabyndan beren habarnamasynda: “Kararlar hukuga, ABŞ bilen Siriýa boýunça gazanylan ylalaşygyň ruhuna bap gelmeýär” diýip ýazandygyna ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Ministr Çawuşogly ABŞ-nyň masgaraçylykly taslamasyna berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn beren ýazmaça beýanatynda ABŞ-nyň masgaraçylykly kararyna berk reaksiýa görkezendigini ýazýar. Gazet Ministr Çawuşoglynyň: “Onuň ýok hökmündedigini özlerine beýan etdik. ABŞ-nyň İlçisini ministrligimize çağyryp, hem reaksiýamyzy hem-de garaşýan netijämizi ýetirdik. ABŞ-da Türkiýä garşy kabul edilen iki kararyň sebäbi Siriýada oýuny bozmagymyz. Şonuň aryny almaga çalyşýarlar” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäniň Mejlisi ABŞ-na reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Mejlisiniň ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň kabul eden kararyna umumy reaksiýanyň bildirilendigini mälim edýär. Mejlis kabul edilen kararlaryň taryhy hakykatlaryň üstüni ýapmak üçin synanşykdan ybaratdygyny beýan etdi.

“Watan” gazeti “Milli goranmak ministrligi: Gepleşikler tamamlandy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň rus harby wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň netijelidigini beýan edendigini ýazýar. Gazet gepleşiklerde ylalaşyk teswirnamasyndaky ugurlaryň iş ýüzüne geçirilmegi üçin usul we tehniki taýdan seljerilendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar