Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibini ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1293158
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Türkiýe-Russiýa arasynda Howpsyz zolak boýunça taryhy ylalaşyk” söz başyly habayrnda, Türkiýäniň ABŞ-den soň indi bolsa Russiýa bilen hem ylalaşyk gazanandygyny habar berýär. Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Soçide geçiren duşuşygynyň netijesinde ylalaşyk gazanyldy. 150 sagadyň içinde ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar ýaraglary bilen bilelikde Türkiýäniň serhediniň 30 km daşyna çykarylar. Sebitde Türk-Rus gözegçilik işleri başlar.

Sabah gazedi: “Milli Goranmak ministrligi: Täze bir operasiýa zerurulyk galmady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň, Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň daşynda täze bir operasiýanyň geçirilmegine zerurlygyň galmandygyny aýdandygyny mälim edýär. Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen baglanşykly 6 maddadan ybarat beýannama berildi. Beýanatda 17-nji oktýabrda Ýewfrat derýasynyň gündogary bilen baglanşykly Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda ylalaşygyň gazanylandygy we şol çäkde Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyna 120 sagatlyk arakesmäniň berilendigi ýatladylyp: “Şu güne çenli biz tarapyndan bildirilen talaplaryň ýerine ýetirilmeginde gerek bolan duýgurlyk görkezildi” diýip habar berildi. Möhlediň ahyrynda ABŞ tarapyndan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň sebitden çekilmeginiň tamamlanandygy beýan edildi.

Hürriýet gazedi: “Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy ak fosfor bombalarynyň ulanylandygy baradaky öňe sürmeleri ret etdi” söz başyly habarynda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň metbugat sekretary Kristian Landmaýeriň, Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň tarapdarlarynyň we Günbatar ýurtlarynyň käbir media guramalarynyň, Türkiýäniň goşunyny günäkärlemek üçin ak fosfor ýanygy diýip görkezen suratlarynyň ozal Siriýanyň tapawutly ýerlerinde bolan çaknyşyk zolaklarynda alynandygyny aýdandygyny aýan edýär. Kristian Landmaýer, terror guramasynyň ýalanlaryny we sebitdäki ýagdaýy ýakyndan gözegçilik edýändiklerini beýan etdi.

Star gazedi: “Britaniýanyň The Times gazediniň işgäri: PKK kürtlere we türklere zyýan ýetirýär” söz başyly habarynda, Britaniýanyň The Times gazediniň ýazyjysy Sara Tor, Türkiýäniň Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyna garşy Britaniýadaky birtaraplaýyn çemeleşmä nägilelik bildirdi. Britaniýanyň The Times gazediniň ýazyjysy Sara Tor, gazediň düýnki sanynda "Siriýa giren Türkiýe barada näme sebäpli mundan beýläk sessiz galmaryn?" temaly bir makala ýazdy.  Ýazan makalasynyň özüni nyşana öwürip biljekdigini aýdan Tor: "Emma Britaniýada serhedi aşýan ençeme garaýyş bar we men bu babatda dilimi mundan beýläk saklap bilmerin" diýip nygtady.  Ekstremist terror guramasy PKK-nyň şahasy ÝPG-nyň Britaniýada diňe "Günbatary goramak üçin söweşen kiçi gowy kürtler" diýip orta atylýandygyny aýdan Tor, "Bular toprak üçin söweşýärler we onuň üçin öňlerine çykan ähli zady ýok edýärler" diýip nygtady. Bu ýagdaýa Türkiýäniň tarapyndan hem garalmalydygyny bellän Tor, terroryň kabul edilmeli däldigine ünsleri çekdi. PKK-nyň Türkiýede eýýäm 40 ýyl bäri haosa we ölüme eltýän ekstremist terror guramasydygyny aýdan Tor: "PKK-nyň hem türklere hem-de kürtlere beren zyýanyny şahsy ýagdaýda gördüm we bir Howpsyz zolak hökman gerekdir" diýip aýan etdi. 

Ýeni Şafak gazedi: “Türk lezzetleri teleseriallar bilen dünýä görkeziler” söz başyly habarynda, Syýahatçylykda önümleriň dürlüligi artdyrylýar. Saglygy goraýyş we din syýahatçylygy bilen birlikde gastronomiýa syýahatçylygy hem 75 million syýahatçy maksatnamasy bolan 2023-nji ýyldaky syýahatçylyk maksatnamasyna goşant goşar. Şol çäkde daşary ýurtlardan uly gyzyklanma bilen tomaşa edilýän teleseriallarda we filmlerde gastronomiýa önümleri ýerleşdiriler. Türk tagamlary teleseriallara ýerleşdirilip, dünýä görkeziler. Şol meýilnama laýyklykda bolsa milli tagamlar bilen hem ýurda syýahatçy çekiler.



Degişli Habarlar