Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1291618
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Erdogan: Milli howpsyzlyk babatynda öz kararyny özi beren bir ýurtdyrys” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Türkiýäniň Milli howpsyzlyk babatynda öz kararyny özi beren bir ýurtdygyny belläp: “9 günde 765 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirip 1500 ind kilometrlik meýdany guramanyň zulumyndan halas etdik. Rasulaýn we Tel Abýat bilen birlikde 11 etrapçany gözegçilik astyna aldyk. Şol etrapçalarda ýaşaýan doganlarymza azyk we saglyk kömegi berildi we degişli ähli çäreleri gördük. Saglygy goraýyş ministrligimiz we AFAD bilen birlikde jemgyýetçilik guramalarymyz hem ýardam kampaniýalaryna başlady” diýendigini nygtaýar. Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda 17-nji oktýabrda gazanylan we terror guramasy PKK/ÝPG-nyň 120 sagadyň dowamynda howpsyz zolakdan çekilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyk hakynda durup geçen Erdogan “120 sagadyň dowamynda garaşylýan  netije alynman halatynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy galan ýerinden dowam eder” diýdi. Prezident Erdogan “Biz terror guramasy bilen däl eýsem ABŞ bilen ylalaşyk gazandyk we bu mesela üns berilmeli” diýdi.

Watan gazedi: “Terror guramasynyň 2-nji himiki oýuny bosagada” söz başyly habarynda, Siriýanyň demirgazygynda Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen agyr zarba alan we ABŞ-nyň tagalla etmegi bilen 120 sagatlyk arakesme möhletini alan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň himiki ýarag ulanyp, asuda ilaty gyryp, Türkiýäni günäkärlemek isleýändigini aýdandygyny habar berýär. Türkiýäniň razwedka gullugy Yrakdan ýola çykarylan, terror guramasynyň elinde bolan himiki ýaraglary daşaýan 6 ýük ulagynyň Semelka sebitinden Siriýanyň Kamyşly sebitine geçendigini anyklady.

Ýeni Şafak gazedi: “Hulusi Akar: Inwentarymyzda 1 gramam himiki ýarag ýok” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, ýalan we haýyn habarlar bilen himiki ýaragyň ulanylandygy baradaky öňe sürmeleriň çap edilendigini belläp, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň inwentarynda himiki ýaragyň bolmandygyny aýdandygyny mälim edýär.

Star gazedi: “Türkiýe Ýewraziýanyň maglumat merkezi bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň öňümizdäki günlerde Data Senter Ekspo Eurasia sergisine ýer eýeçiligini etjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 35 ýurtdan 250 marka, Stambulda ilkinji gezek geçiriljek bu sergide döwrebap tehnologiýalaryny sergilär. 28-nji noýabr-1-njy dekabr aralygynda Stambul Fuar merkezinde geçiriljek sergi, Türkiýäni sebitleýin bir güýç ýagdaýyndadygyny görkezmek babatynda möhüm bir çäre boljakdygy beýan edilýär.

Hürriýet gazedi: “Stambul, dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda” söz başyly habarynda, Dünýäniň iň owadan şäherleri aýan edildi. 1 müňden gowrak syýahatçylyk ýazyjysy we agentligi bilen sowalnama geçiren syýahatçylyk saýty Flight Network, 50 şäherden ybarat sanawy çap etdi. Sanawa Türkiýeden Stambul şäheri girdi. Stambul sanawyň 17-nji ornuna mynasyp görüldi.



Degişli Habarlar