Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1289587
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan operasiýa barada beýanat berdi: “Operasiýamyz Manbijden Yrak serhedine çenli dowam eder” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlis toparynyň maslahatynda sözlän sözünde Siriýanyň demirgazygyna guralýan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy barada möhüm ýüzlenmeler berip: “Operasiýamyz Manbijden Yrak serhedine çenli dowam eder” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Ministr Çawuşoglu: “Terror döwletini gurmak islediler, oýuny bozduk” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Türkiýäniň Ýefrat derýasynyň gündogarynda terryr guramasyna garşy başladan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda düýn Türkiýäniň Mejlisinde halk wekillerine maglumat berendigini ýazýar. Gazet Çawuşoglunyň: “Käbir ýurtlaryň “Parhatçylyk Çeşmesi” operasiýasyndan biynjalyk bolmaklarynyň sebäni gurmak islän terror döwleti oýunlarynyň bozulmagy. Bize şeýle hüjüm etmekleriniň sebäbi garaşýan tamalarynyň çykmazlygy” diýendigini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Prezidentiň Metbugat sekretary Kalyn: “Howpsuzlyk zolak DAİŞ bilen göreşe zyýan ýetirmez” söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy barada: “Türkiýäniň döretmek isleýän howpsyz zolagy terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşe hiç hili zyýan ýetirmez” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “ “Parahatçylyk Çeşmesinde-de” terrorçylaryň üstünde “Tupan” turýar” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýalarynda terror pozisiýalaryny doly derbi dagyn etmekde uly işler bitiren ýerli T-155 kysymly “Tupan” gaubisalaryndan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynda-da ÝPG/PKK degişli pozisiýalary derbi dagyn etmekde-de üstünlikli peýdalanylýandygyna ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “ “BTJ-dan” 3,3 milliard barrel nebit akdyryldy” söz başyly habarynda, Baku-Tibilisi-Jeýhan çig nebit geçirisiniň soňky nokady bolan Adananyň Jeýhan etrabyndaky Haýdar Aliýew adyndaky deňiz terminalyndan 2006-njy ýyldan bäri 4,300-den gowrak tanker bilen 3,3 milliard barrel çig nebitiň ugradylandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar