Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1288295
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Erdogandan Manbije garşy operasiýa yşarady” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Siriýada dowam edýän Parahatçylyk Çeşmesi operasiýada gazanylýan üstünliklerden soň, Manbije operasiýa guralyp biljekdigi barada yşarat berendigini beýan edýär. Erdogan: “Manbijiň hakyky eýeleri araplardyr. Ol ýere arap doganlarymyz girer. Biziň bu babatdaky pozisiýamyz, olaryň ol ýere girmegi we olaryň howpsyzlygyny üpjün etmek” diýip belledi.

Watan gazedi: “Erdogan Türkiýäniň terrora garşy göreşini görmeýänlere reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, Günbatar dünýäsiniň Türkiýäniň terrora garşy göreşini görmeýändigini aýdandygyny habar berýär. Erdogan: “Soňky eden ädimimiziň ýeke täk sebäbi bar. Siriýanyň demirgazygyny PÝD, ÝPG we DAIŞ terror guramalaryndan saplamak we ol ýeri hakyky eýelerine gowşurmak. Biz muny El Babda etdik, 3 müň 500 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdik. Dünýä muny görmeýär” diýip nygtady.

Star gazedi: “Ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-nyň we DAIŞ-iň hyzmatdaşlygy subut edildi” söz başyly habarynda, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynda Siriýanyň Tel Abýad etrabynyň merkeziniň ÝPG/PKK-ly terrorçylardan saplanandygyny aýan edýär. Tel Abýadyň merkezinde ÝPG-ly terrorçylaryň, içinde DAIŞ-e agza terrorçylary saklan tussaghananyň wideosy ýüze çykdy. Tel Abýatdaky tussaghananyň boşdygy mälim boldy. Tussghana terrorçylar tarapyndan dolulygyna boşadyldy, beýik diwarlar bilen örülen binanyň açyk gapylary bolsa ünsleri özüne çekdi.

Ýeni Şafak gazedi: “Tramp Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyny öjükdiren ABC kanalyna nägilelik bildirdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Amerikanyň ABC habar kanalynyň ýarag tanyşdyran mahaly görkezen güýçli partlamanyň wideosynyň Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynda alynan ýaly edip görkezmegini, skandal hökmünde häsýetlendirendigini mälim edýär.  Günbatar mediasynda Türkiýäniň günorta serhedinde döredilmäge synanyşylan terror koridoryny ýok etmek, sebite parahatçylyk we durnuklylyk getirmek maksady bilen başladylan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyna garşy ýalan maglumat bermek hereketi dowam edýärkä, Tramp, ABC kanalynyň, ýarag tanyşdyran mahaly görkezen wideosynyň operasiýa mahalynda alynan ýaly edip görkezmegine nägilelik bildirdi.

Hürriýet gazedi: “Türkiýäniň awiasia senagaty Günorta Koreýada sergilener” söz başyly habarynda, TUSAŞ kärhanasynyň Günorta Koreýada 15-20-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Seul Halkara awiasia we goranyş sergisinde ilkinji gezek önümlerini sergilejekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Sergide esasan hem Gökbeý we T129 ATAK dikuçarlaryna gyzyklanma bildirilmegine garaşylýar. Sergi Günorta Koreýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özgerdilmegi taýdan bir pursat bolar.


Etiketkalar: #Watan , #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar