Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1287668
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Erdogandan Merkele PKK bilen bagly reaksiýa” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň: “Parahatçylyk çeşmesi operasiýasy sebäpli ýurdymyzy ykdysady we ýarag satuwlary bilen bagly embargo girizmek isleýänlere duş geldik. Türkiýäni bular ýaly ýagdaýda ýolundan dändirmek isleýänler gaty ýalňyşýar” diýendigini habar berýär. Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen telefonda söhbetdeş bolandygyny aýdan Erdogan: “Merkele ekstremist terror guramasy PKK-ny NATO-nyň düzümine goşanlygyňyzdan meniň habarym ýokdy diýip aýtdym. Bu mesele Türkiýe üçin möhüm meseledir. Ýurdumyz eýýäm 35 ýyl bäri terror howpynyň astynda ýaşaýar” diýip belledi.

Hürriýet gazedi: “Erdogan: Ýekeje adamyň hem burnunyň ganamazlygy üçin tagalla edýäris” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, Siriýanyň demirgazygynda bir terror döwletiniň gurulmagyna rugsat bermejekdiklerini aýdandygyny mälim edýär. Erdogan Türk esgerleriniň ekstremist terror guramasy PKK-a garşy alyp barýan Parahatçylyk çeşmesi operasiýasynda sebitdäki bigünä adamlara örän duýgurlyk bilen çemeleşýändigini beýan etdi. Erdogan: “Ýekeje adamyň hem burnunyň ganamazlygy üçin tagalla edýäris” diýdi.

Star gazedi: “Türkiýeden Ýewropa ýurtlaryna PKK bilen bagly çagyryş” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Parahatçylyk çeşmesi operasiýasynyň başlanmagy bilen ekstremist terror guramasy PKK-a agza wekilleriniň, esasan hem Ýewropa ýurtlarynda güýç ulanyp geçirýän protest aksiýalarynyň sanynyň artmaga başlandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ministrlik tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: “PKK-nyň aksiýalaryna garşy, daşary ýurtdaky diplomatik wekilhanalarymyzyň, raýatlarymyzyň, işgärlerimiziň we türk bähbitleriniň goralmagy maksady bilen degişli ýurtlardan görülýän çäreleriň artdyrylmagyna we bu babatda duýgurlygyň görkezilmegine garaşýarys” diýip nygtaldy.

Haber Türk gazedi: “Parahatçylyk çeşmesi operasiýasy bütin dünýä düşündiriler” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Komunikasiýa edarasynyň Parahatçylyk çeşmesi operasiýasynyň strategik maslahatynyň Stambulda geçirilendigini aýan edýär.

Watan gazedi: “Antalýa 2018-nji ýylyň syýahatçy sanyny 10-njy oktýabrda geçdi” söz başyly habarynda, syýahatçylyk pudagy boýunça şu ýyl yzly-yzyna rekord goýan Antalýanyň, 10-njy oktýabrda 13 million 653 müň syýahatçy sanyna ýetip, 2018-nji ýylyň 12 aýlyk döwründe gelen syýahatçy sany bolan 13 million 642 müň adamy geçendigini habar berýär. Antalýanyň Şäher Geňeşiniň Syýahatçylyk toparynyň başlygy Rejep Ýawuz, 16 million syýahatçy maksatnamasyny goýan Antalýanyň dynç alyş möwsümini 14,5 million syýahatçy bilen ýapjakdygyny çak edýändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar