Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1286312
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy barada beýanat berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn partiýasynyň merkezinde Welaýat ýolbaşçylarynyň giňeldilen maslahatynda çykyş edendigini ýazýar. Gazet Ýefrat derýasynyň gündogarynda terror guramasyna garşy başladylan “Parahatçylyk Operasiýasy” barada beýanat beren Erdoganyň: “ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-äniň Siriýadaky basybalyjylygyny görmeýänler häzirki wagtda biziň Siriýanyň jebisligi, bitewiligi üçin edýän başlangyjymyzy tankyt edýär. Siz şeýle gyrada duruň, biz ýolumyzy dowam etdirýäris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Akaryň operasiýa baradaky beýanaty: Esgerimiziň ruhy belent” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy barada beýanat berip: “Esgerlerimiz gahrymançylyk dessanyny ýazyp, borjuny berjaý edýär. Esgerlerimiziň ruhy belent” diýendigini nygtaýar.

“Star” gazeti “Milli goranmak ministlrigi: “Terrorçylar mekdeplere we hassahanalara gizlenip, hüjüm guraýarlar” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrligi tarapyndan Ýefrat derýasynyň gündogaryny terror koridoryna öwürmäge synanşýan PKK/PÝD/ÝPG terrorçylarynyň kommunal binalara, mekteplere we hassahanalara gizlenip, Türkiýedäki ilatly ýerlere raketaly hüjüm guraýandygyny, asuda ilatdan ýaralananlaryň bardygynyň beýan edilendigine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Türk howaýollary sentýabr aýynda mümkinçiliginiň 82,9 göterimine barabar ýolagçy gatnatdy” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda 6,7 million ýolagçy gatnadyp, mümkinçiliginiň 82,9 göterime barabaryndan peýdalanandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Zeýtun eksport 142 million dollara ýetdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň zeýtun eksportynyň geçe ýyl bilen deňeşdirilende 11 göterim artyp, 142 million dollara ýetendigini ýazýar. Gazet Zeýtunyň ýarysyndan gowragyny ÝB-ne agza ýurtlaryna eksport edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar