Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1272296
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: “2 hepdede netije çykmasa öz meýilnamalarymyzy iş ýüzüne geçireris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn 2019-2020-nji Ýokary bilim ýylynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde günbatar ýurtlarynyň wepasyz çemeleşmeleri sebäpli netijesiz galan siriýaly bosgunlar we howpsyz zolagyň döredilmegi barasynda: “2 hepdäniň dowamynda netije çykmasa öz meýilnamalarymyzy iş ýüzüne geçireris” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Ministr Pekjanyň Eýran bilen gatnaşyklar baradaky beýanaty” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň düýn paýtagt Ankarada Türkiýe-Eýran İşewürler Maslahatynda Eýran bilen gatnaşyklaryň kadaly we işewürler dünýäsiniň ýoluny açyjy häsýete eýe bolandygyny nygtap: “İslege bagly söwda ylalaşygyndan” has netijeli peýdalanyp, söwda mukdarynyň depginini ýaňadandan güýçlendireris” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň 2023-nji ýyla çenli bolan döwür üçin Senagat we Tehnologiýa Strategiýasy Yglan edildi” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň düýn Ankarada geçirilen Senagat we tehnologiýa strategiýasynyň Tanyşdyrlyş maslahatynda milli girdejide önümçilik senagatynyň paýyny 2023-nji ýylda 21 göterime ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet ministr Warankyň: “Türkiýäniň destruktiw tehnologiýalar pudagynda global derejede marka öwrüljek azyndan 23 sany enjam öndürmegini maksat edinýäris. Maksatlarymyza ýetmek üçin senagat strategiýamyzda 5 ugurda 23 bölümden ybarat syýasat kesgitledik” dýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Selçuk Baýraktar “Akynjynyň” ilkinji uçuş wagtyny beýan etdi” söz waşyly habarynda, “Baýraktar Teknik” firmasynyň müdiri  Selçuk Baýraktaryň Türkiýäniň ýerli we milli önümi bolan “Uçarmansyz howa hüjüm ulagy “Akynjynyň” oktýabr aýynda ilkinji synagyny amala aşyrjakdyklaryny aýdandyklaryny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “THÝ Hytaýyň Sian şäherine saparlara başlady” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň Hytaýyň Sian şäherine tarifli saparlaryň başladandygyny habar berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar