Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1270855
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Iň uzak dowam eden maslahat” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen Ankarada İdlibiň hem-de Siriýanyň geljegini ara alyp maslahatlaşandygyny ýazýar. Gazet Aramko dartgynlygy we ABŞ-nyň Eýrana uruş howpy sebäpli bütin dünýäniň üns merkezine öwrülen maslahatyň düýn 11:30-da başlan ikiçäk we üçtaraplaýyn duşuşyklar bilen agşam sagat 21:00-a çenli dowam edendigini, liderleriň “Siriýada syýasy çözgüt üçin doly ylalaşdyk” diýendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Prezidentiň orunbasary Ermenistana berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçirilen Azerbaýjan-Türkiýe İşewürler Maslahatynda sözlän sözünde Azerbaýjanyň territoriýasynyň bäşden bir böleginde dowam edýän ermeni basybalyjylygynyň bes edilmegi üçin çärýek asyrdan bäri Azerbaýjan bilen ýakyn arkalaşyk edýändiklerini nygtap: “Ýokary Garabah meselesiniň Azerbaýjannyň territorial bitewiligine we halkara guramalarynyň kabul eden kararlaryna laýyklykda çözülip, 1milliondan gowrak bosgun doganlarymyzyň dogduk diýarlaryna gysga möhletde dolanyp barmagy biziň iň uly arzuwymyz” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “ “Teknofest” dünýäniň esasy awia çarelerinden biri” söz başyly habarynda, geçen ýyl Stambul howa menzilinde ilkinjisi geçirilen Türkiýäniň tehnologiýa festiwaly “Teknofestiň” şu ýyl Atatürk adyndaky howa menzilinde açylandygyny ýazýar. Habarda geçen ýyl 200 müň adamyň gelmegine garaşylan festiwala bäş ýüz müň adamyň gelendigine üns çekilip, şol özbolyşlygy taýdan festiwalyň dünýäde iň bir saýlama çarelerinden birine öwrülendigini mälim edýär. Festiwal üstümizdäki aýyň 17-22-si aralygynda açyk bolar.

“Hürriýet” gazeti “Ministr beýan etdi: 20 ýylyň rekordy goýuldy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmeziň “Milli guramamyz “Türkiýe Nebitleri Paýdarlar Jemgyýeti” içerki nebit önümçiliginde günlük 50 müň barreli aşyp, soňky 20 ýylyň rekorduna ýetdi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Merkezi dolanşygyň býujeti awgust aýynda 576 million lira artdy” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministrliginiň býujet balansy boýunça görkezijilerine görä 2018-nji ýylyň awgust aýynda 2,5 milliard lira göterimden daşgary artykmaçlyk edilen bolsa, şol mukdaryň 2019-njy ýylyň awgust aýynda 11,4 milliard lira deň bolandygyny aýan edýär.



Degişli Habarlar