Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1268874
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Türkiýäniň jomartlygyny takdyr edýäris” söz başyly habarynda, Gollandiýanyň Stambuldaky Baş konsuly Bart Wan Bolhuisiň Türkiýäniň bosgunlar üçin edýän jomartlygyny takdyr edýändiklerini aýdandygyny habar berýär. Türkiýäniň bosgunlaryň gelejegi we olary goramak üçin elinden gelenini edýändigini aýdan Bolhuis: “Türkiýe bilen Gollandiýany deňeşdirenimizde biz örän az bosguna ýer eýeçilik edýäris” diýip nygtady.

Sabah gazedi: “Merkezi bankyň ätiýaçlary artdy” söz başyly habarynda, Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň ätiýajy geçen hepde 347 million dollar artyp, 101 milliard 852 million dollar bolandygyny mälim edýär. 6-njy sentýabrda Merkezi bankyň daşary ýurt walýuta ätiýajy 489 million dollar artyp, 76 milliard 285 million dollar hökmünde bellige alyndy. Daşary ýurt walýuta ätiýajy 29-njy awgustda 75 milliard 796 million dollar derejesindedi. Ady agzalan döwürde altyn ätiýaçlary 25 milliard 567 million dollar hökmünde bellige alyndy. Şeýlelik bilen Merkezi bankyň jemi ätiýajy, geçen hepde, ondan öňki hepdä garanyňda 347 million dollar artyp, 101 milliard 505 million dollardan 101 milliard 852 million dollara çenli ýokarlady.

Hürriýet gazedi: “Gonkongly sergi kärhanasy, türk işewür adamlar üçin geldi” söz başyly habarynda, Uzak Gündogar ýurtlardaky iň uly sergileri geçirýän Mega Şowyň ýolbaşçylarynyň Türkiýäniň Öý-hojalyk we aşhana senagatçylary pudagynyň wekilleri bilen duşuşmak üçin Türkiýä gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 20-23-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Öý-hojalyk we aşhana esbaplary sergisi üçin Türkiýede pudagyň öňbaşçy wekilleri bilen duşuşyk geçirendiklerini aýdan Mega Şowyň resmileri, Türkiýeden ýylsaýyn Gonkongdaky sergä bolan gyzyklanmanyň artýandygyny aýan etdiler.

Haber Türk gazedi: “Türkiýedäki muzeýler marka bolýar” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, muzeýleri marka ýagdaýyna getirmek maksady bilen täze bir gollanma başlatdy. Ministrlige degişli ähli muzeýleriň we taryhy ýerleriň sosial media hasaplary we web saýtlary bir gollanma jemlendi. Gollanmanyň kömegi bilen ol ýere gezelenç eden adamlar, gezen ýerleri baradakly garaýyşlaryny we tekliplerini şol gollanmanyň üsti bilen gönüden ministrlik bilen paýlaşyp bilerler.

Watan gazedi: “Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň arasynda Türkiýeden 34 uniwersitet bar” söz başyly habarynda, merkezi ofisi Londonda ýerleşýän ýokary okuw derejelendiriş guramasy Times Higher Education (THE), 92 ýurtdan 1300-den gowrak ýokary okuw jaýynyň hili bilen bagly sanaw taýarlady. Şu ýyl Türkiýeden jemi 34 ýokary okuw jaý sanawa alyndy. Türkiýeden sanawa alynan täze 11 uniwersitet bilen Türkiýäniň sanawdaky wekilçiligi takmynan 50 göterim artdy.


Etiketkalar: #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar