Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1266732
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazed: “Türkiýeden Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly anyk ýüzlenme” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, hiç kimiň Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki işlerine päsgel berip bilmejekdigini nygtady. Mewlüt Çawuşogly, DKTR guran saparynyň çäginde, Ýeni Erenköý şäherçesinde raýatlaryň duşuşygyna gatnaşdy. Çawuşogly ol ýerde eden çykyşynda, Türkiýäniň hiç hili ikirjiňlenmeden, yza gaýtmadan Kipr türk halkynyň ýanyndadygyny we bolmaga dowam etjekdigini habar berdi.

Star gazedi: “Ministr Albaýrak, ABŞ-nyň Söwda ministri Ross bilen duşuşyk geçirdi” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak ABŞ-nyň Söwda ministri Wilbur Ross bilen duşuşdy. Berat Albaýrak Stambulda bolan duşuşyk hakynda Twitter arkaly beýanat berdi. Ross bilen Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary hakynda giňişleýin pikir alyşandyklaryny aýdan Albaýrak, “Özara söwda mukdarynyň 100 milliard dollara ýetilmegi üçin uly tagalla edýändigimizi nygtadyk” diýdi.

Watan gazedi: “Iýul aýynyň myhmanhanalardaky dolulyk derejesi aýan edildi” söz başyly habarynda, dynç alyş ýerleriň dolulyk derejesi iýul aýynda 75 göterim boldy. Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi iýul aýynyň dynç alyş ýerlerdäki dolulyk derejesini beýan etdi. Şoňa laýyklykda ýylyň ilkinji 7 aýynda dynç alyş ýerleriň dolulyk derejesi 50,68 göterim hökmünde bellige alyndy.

Haber Türk gazedi: “Ter miwe we gök önüm eksportynda lider Russiýa” söz başyly habarynda, Türkiýe 2019-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde 114 ýurda 1 milliard 207 million 84 müň 507 dollarlyk ter gök we miwe önümlerini eksport etdi. Gündogar Garadeňiz Eksportçylar bileleşiginden berlen beýanata görä, Türkiýe üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe 114 ýurda 1 million 964 mü 812 tonna ter gök we miwe önümüni eksport edip 1 milliard 207 million 84 müň 507 dollarlyk girdeji gazandy Ter gök we miwe eksportunda Russiýa birinji orny eýeleýär 8 aýda Russiýa 455 müň 190 tonnalyk terk gök we miwe önümi eksport edilip 375 müň 386 müň 968 dollarlyk girdeji gazanyldy. Ter gök we miwe eksportunda 159 million 802 müň 289 dollar bilen Germaniýa 2-nji, 98 million 414 müň 511 dollar bilen Yrak 3-nji orny eýeleýär

Hürriýet gazedi: “Türk lukman we topary oýlap tapdy: Rak keseline garşy göreşde şowlulyk derejesi artdy” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Kýoln şäherinde ýaşaýan türk lukman Ýadigar Genç we topary, rak keseline garşy göreş maksady bilen täze bir usul oýlap tapdy. Rak keseli bilen kesellän adamyň öz ganyndan öndürilen söweşiji öýjüklere rak proteinleriniň ýüklenmegi we onkolitik wiruslaryň ulanylýan usul bilen rak keseline garşy bejergide şowlulyk derejesi örän artdy.


Etiketkalar: #gazet , #Watan

Degişli Habarlar