Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1266004
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Çawuşogly eýranly kärdeşi bilen söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny aýan edýär. Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Çawuşogly bilen Zarif telefon söhbetdeşligini geçirdiler. Telefon söhbetdeşliginde Astana maslahaty we Siriýanyň Konstitutsion komissiýa ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Haber Türk gazedi: “Awtomobil eksporty awgust aýynda 8 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Awtomobil pudagynyň eksportynyň, awgust aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 8 göterimlik artyş bilen 1,7 milliard dollara ýetendigini habar berýär. Awtomobil pudagy şeýlelik bilen taryhynda ilkinji gezek awgust aýy boýunça iň ýokary görkezijä eýe boldy.  

Ýeni Şafak gazedi: “Eksportda gönüden uçar saparlarynyň goşandy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň şu ýylyň başynda gönüden uçar saparlarynyň başladan ýurtlary bolan Meksikadan we Demokratik Kongo Respublikasyndan gelen syýahatçylaryň sany we bu ýurtlara edilen eksport boýunça artyşyň bellige alynandygyny aýdandygyny habar berýär. Meksika eksportda 5 göterimlik artyş bolan bolsa, Demokratik Kongo Respublikasyna eksport 52 göterim artdy.

Star gazedi: “Milli tehnologiýa boýunça maksatlar göklere uzaýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awiasia we kosmos bilen bagly işlerine uly goşant goşjak TEKNOFEST çäresiniň şu ýylyň 17-22-nji sentýabr aralygynda geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, 1 million adamyň gatnaşmagyna garaşylýan çäre bilen baglanşykly: “TEKNOFEST bilen awiasianyň we kosmosyň ýaş nesillerimizde hyjuw döretmegini arzuw edýäris” diýip belledi.

Sabah gazedi: “Ýaponiýada Türkiýe festiwalyna uly gyzyklanma” söz başyly habarynda, Ýaponiýada geçirilen Türkiýe festiwalyny, Türkiýä we türk halkyna gyzyklanma bildirýän ýaponlar doldurdy. Festiwaldaky mehter toparynyň çykyşy hem uly şowhun bilen diňlendi.  


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar