Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1264048
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Prezident Erdogan: Eksportymyz 36 milliard dollardan 170 milliar dollara ýetdi” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň eksportyň 36 milliard dollardan 170 milliard dollara ýetendigini aýdandygyny habar berýär. Goranmak senagatynda Türkiýäniň ýerli we milli zerurlygynyň 70 göterimini özüniň üpjün edýändigini aýdan Erdogan: “Eksportymyz, goranmak senagatynda 2,5 milliard dollara ýetdi. Ýagny düýn elini seren bir goşuna eýedik, indi bolsa özümiz öndürýäris, indi döşümizi gerip ädim ädýäris” diýip aýan etdi.

Sabah gazedi: “Eksport artýar” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň, Türkiýäniň awgust aýyndaky eksportynyň 1,69 göterimlik artyş bilen 13 milliard 150 million dollara ýetendigini aýdandygyny mälim edýär. Pekjan, daşary söwda ýetmezçiliginiň hem awgust aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 9,88 göterim azalyp, 2 milliard 376 million dollar bolandygyny beýan edýär.

Hürriýet gazedi: “Russiýada S-400-ler bilen bagly tälim başlady” söz başyly habarynda, S-400-ler bilen bagly tälimiň Türkiýäniň Harby-howa güýçleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda Russiýada başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýäniň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: “Uzak aralykly sebitleýin howa we goranyş ulgamy taslamasynyň çäginde Russiýanyň Gatçina şäherinde S-400-ler bilen bagly tälim, Harby-howa güýçleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda başlady” diýip aýan edildi.

Star gazedi: “Awgust aýynda 117 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Içeri işler ministriniň orunbasary Ismail Çataklynyň, awgust aýynda geçirilen operasiýalarda 10-sy guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy bolan jemi 117 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Pamukkale 3 aýda 1 million syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň möhüm syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Pamukkale iýun-awgust aýlary aralygynda takmynan 1 million 100 müň ýerli we daşary ýurtly syýahatçynyň gelendigini mälim edýär. Täze ýyldan bäri Pamukkale baran syýahatçylaryň sany bolsa 1 million 800 müň boldy.


Etiketkalar: #metbugat , #gazet , #Sabah , #dünýä

Degişli Habarlar