Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1259285
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Prezident Erdogan: Örän ýakyn wagtda gury ýer güýçlerimiz sebite girer” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, terrora garşy hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda üstünlikli ýagdaýda operasiýa geçirýändiklerini aýdandygyny habar berýär. Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogarynda ilkinji ädimleriniň diplomatiýadygyny aýdan Erdogan: “ABŞ bilen geçiriljek gepleşiklerden netije alyp bilmesek, öz meýilnamalarymyzy durmuşa geçireris. Ýaragly, ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglarymyz, dikuçarlarymyz sebite girdi. Örän ýakyn wagtda gury ýer güýçlerimiz hem sebite girmegine garaşýarys” diýip aýan etdi.

Hürriýet gazedi: “Energetika ministrinden anyk ýüzlenme: Türkiýe asla yza ädim etmez” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, Türkiýäniň Ortaýer deňiziniň gündogaryndaky kanuny dawasyndan asla yza ädim etmejekdigini aýdandygyny mälim edýär. Türkiýäniň buraw we seýismik gämileri bilen sebitdedigini aýdan ministr Dönmez: “Ortaýer deňiziniň gündogary Türkiýäniň umumy meselesidir. Millet hökmünde biz düýn ol ýerdedik, şu gün ol ýerdediris, ertir hem şol ýerde bolmaga dowam ederis” diýip belledi.

Watan gazedi: “Russiýadan S-400-leriň ikinji batareýasynyň ugratmak etaby şu gün başlaýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlarynyň satyn alynmagy bilen bagly 2-nji batareýanyň getirilmegi üçin şu günden başlap bölekleriniň iberilmäge başlanjakdygyny aýdandygyny habar berýär. Hulusi Akar, Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler we beýleki serkerdeler bilen bilelikde Erzinjandaky harby birikmelerde gözegçilik işlerini geçirdi. Hulusi Akar ol ýerde eden çykyşynda, Türkiýä garşy raketa we howa howplaryna ünsi çekdi we onuň öňüni almak üçin, milleti goramak üçin edilýän işler barada maglumat berdi. Şol işleriň netijesinde, Türkiýäniň kesgitlän ölçeglerine bap gelýän ulgamlara eýe bolan Russiýa bilen uzak aralykly howa we raketa goranyş ulgamlarynyň satyn alynmagy bilen bagly ylalaşygyň baglaşylandygyny aýdan Akar: “12-nji iýulda taýarlaýyş işleri başlady. Şol çäkde edilen işler dowam edýär. Birinji batareýa geldi. Ikinji batareýanyň taýarlyk işleri üçin bolsa ertir, ýagny 27-nji awgustdan başlap ibermek, daşamak tapgyry başlar. Maksadymyz ýurdumyzy we milletimizi serhediň beýleki tarapyndan geljek howa we raketa howplaryna garşy goramakdyr” diýip belledi.  

Ýeni Şafak gazedi: “Ynam indeksi artdy, önümçilik 76,6 göterim boldy” söz başyly habarynda, Türkiýe Respublikasynyň Merkezi Bankynyň önümçilik kuwwadynyň ulanyş koeffisiýentlerini aýan edendigini beýan edýär. Awgust aýynda önümçilik kuwwadynyň ulanyş koeffisiýentleri 2018-nji ýylyň awgust aýyna garanyňda 0,4 göterim artdy. Türkiýäniň Hasabat guramasy ynam indeksi bilen bagly habarnama çap etdi. Şoňa laýyklykda hyzmatlar pudagynyň ynam indeksi 6,7 göterim, bölekleýin söwda pudagynyň ynam indeksi 5,1 göterim, gurluşyk pudagynyň ynam indeksi bolsa 6 göterim artdy.

Sabah gazedi: “Woleýbolçy gyzlar Bolgariýany 3-1 hasabynda ýeňdi” söz başyly habarynda,  Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy 2019 Ýewropa çempionadynyň A toparyndaky üçünji bäsleşiginde Bolgariýa bilen bäsleşdi. Woleýbolçy gyzlar bäsdeşini 3-1 hasabynda ýendi. Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy ozal Gresiýany 3-0, Finlandiýany 3-2 hasabynda ýeňmegi başarypdy. Toparyndaky 3 bäsleşiginde hem üstünlik gazanan Türkiýe, soňky tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy toparyndaky 4 bäsleşiginde 28-nji awgustda çarşenbe güni Türkiýe wagty bilen sagat 19.30-da Fransiýa bilen bäsleşer.


Etiketkalar: #Watan , #gazet

Degişli Habarlar