Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1257186
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan Kipriň greklerine berk duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Kipriň grek dolanşygynyň Gündogar Oraýer deňzindäki bir taraply uglewodorod gözleg işlerine reaksiýa bildirip, grekleriň geçmişde adada eden zulumlary sebäpli Türkiýäniň 1974-nci ýylda Kipr Parahatçylyk operasiýasyny gurandygyny ýatladan Erdoganyň: “Eger başdan geçirilenlerden netice çykarmadyklar bar bolsa, olara hem degişli cogaby bermekden çekinmecekdigimizi bilsinler” diýen sözlerini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Howpsyz zolak üçin tehniki taýarlyklar tamamlanýar” söz başyly habarynda, Siriýanyň demirgazygynda Türkiýe bilen ABŞ-nyň utgaşdyrmagynda açylmagy meýilleşdirilýän howpsyz zolak üçin taýarlyklaryň dowam edýändigini ýazýar. Gazet ýer analizlerinden soň tehniki selceriş işleri tamamlanyp barýan howpsyz zolagyň ABŞ bilen Türkiýäniň bilelikde iş alyp barcak Bilelikdäki Operasiýa merkeziniň doly açylcakdygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Dünýäniň iň uly köprüsi bolcak taslamanyň diňleri beýgelýär” söz başyly habarynda, Dardanel boğazynda gurulýan 1915 Çanakgala köprüsiniň 3 aý ozal başlanan Ýewropa we Aziýa kenarlaryndaky diňleriniň beýgelmäge dowam edýändigine ünsleri çekýär. Habarda 1915 Çanakgala köprüsiniň Gelibolu we Lapseki ýakasynda deňizin içinde gurulcak 318 metr belentlikdäki aýaklarynyn düýn diňleriň üstüne goýulandygy nygtalýar.

“Watan” gazeti “Türk guluşyk pudagy dünýä boýunça ikinci orunda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň global bazarlardaky durgunlyga we artýan howplara garamazdan halkara gurluşyk pudagy žurnaly “ENR-niň” “Dünýäniň iň uly 250 kärendeçisi” sanawynda 44 firma bilan ikinci orny eýeländigini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Türkiýeden emeli intellekt göçümi” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň: “Türkiýe Ylmy we Tehniki Barlaglar Guramarynyň çäginde Emeli intellekt institutyny açmagy meýilleşdirýäris” diýen sözlerine ünsleri çekýär. Gazet Türkiýäniň täze tehnologiýalar boýunça merkezi ýurtlardan birine öwrülmek üçin ähli şertlerden peýdalanýandygyny bellän Warankyň, digital tehnologiýalaryň üstünde işleýän firmalaryň barlag-kämilleşdiriş we innowasiýa işlerine goldaw bermek üçin maýa goýumlaryň mukdaryny hem-de gerimi giňeldýändiklerini aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar