Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1254500
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Türkiýe Ortaýer deňiziniň gündogaryndaky hukuklaryndan egilşik etmez” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Türkiýäniň 2017-nji ýylyň aprel aýynda Barbaros Haýreddin Paşa seýismik gözleg gämisini Gaziantep fregatynyň ýoldaşlyk etmeginde Ortaýer deňiziniň gündogarynda uglewodorod gözleglerini başladandygyny, 2019-njy ýylda bolsa Fatih we Ýawuz buraw gämilerini sebite iberip hukuk we bähbitlerini goramaga başlandygyny habar berdi. Ömer Çelik sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda: “Goşunymyz sebitde we deňiz çäklerimizde başda Mawy Watan bolmak bilen ençeme üstünlikli türgenleşik geçirdi. Tutanýerliligimiz bellenip geçildi” diýip aýan etdi.

Star gazedi: “620 müň siriýaly üçin täze umyt: Parahatçylyk koridory” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda geçirilýän Siriýadaky Parahatçylyk koridory hem ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň Türkiýä howp abandyrmagyny bes etdirer hem-de öýlerinden uzak bolan müňlerçe siriýalynyň öz öýlerine gaýdyp barmaklary üçin täze umyt bolar. 2011-nji ýylda Siriýada başlan içerki söweşde we ondan soň terror guramalarynyň halka zulum etmegi netijesinde 3 million 643 müň 870 siriýaly Türkiýä gelmäge mejbur boldy. Türkiýä sygynan siriýalylaryň 17 göterimi häzirki wagtda terror guramasy PKK/ÝPG-nyň gözegçilik edýän ýerlerinde ýaşaýardy.

Watan gazedi: “Siriýa serhedine goşmaça harby güýç gönükdirilýär” söz başyly habarynda, Şanlyurfa welaýatynyň Jeýlanpynar etrabyna goşmaça sowutly ulaglar we harby toparlar gönükdirildi. Kirpi diýip atlandyrylýan sowutly ulaglardan we içinde harby gullukçylardan ybarat ulag kerweni Jeýlanpynar etrabyna baryp ýetdi. Etraba baran sowutly ulaglar bilen harby gullukçylary daşaýan awtobuslar Jeýlanpynar 1-nji Serhet birikmesi serkerdeligine bardylar. Harby gullukçylaryň Siriýa serhedindäki serhet birikmelerine goşmaça maksat bilen iberilendigi aýan edildi.

Hürriýet gazedi: “Türkiýe 4 önümiň önümçiligi we eksporty boýunça dünýä lideri” söz başyly habarynda, türk fundugy, çereşnýasy, injiri we erigi lezzeti we hili bilen dünýä bazarlarynda abraýy barha artýar. Türkiýe funduk, çereşnýa, injir, erigiň önümçiliginde we eksportynda dünýäde lideri ýagdaýynda. Dünýädäki funduk eksportynyň 67 göterimini, çereşnýanyň 26 göterimini, injiriň 27 göterimini we erigiň 23 göterimini ýeke özi üpjün edýän Türkiýe, bu önümleriň önümçiligi boýunça dünýäde lider ýagdaýda.

Ýeni şafak gazedi: “Türkiýe, Hytaýa mermer we çereşnaýdan soň indi bolsa süýt we süýt önümlerini iberer” söz başyly habarynda, ABŞ-den oba-hojalyk önümlerini satyn almagy çäklendirýän Hytaý, şol önümleri almak üçin başda Türkiýe bolmak bilen beýleki bazarlara ýüz tutdy. Türkiýe Hytaýa mermer we çereşnýa eksportyndan soň, indi bolsa süýt we süýt önümlerini iberer. Hytaýyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Deng Li: “Şu ýylyň 2-nji ýarymynda Türkiýäniň süýt we süýt önümleri Hytaýa gitmäge başlar” diýip habar berdi.


Etiketkalar: #gazet , #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar