Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1250670
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Ministr Çawuşoglyndan howpsyz zolak bilen bagly beýanat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, ABŞ bilen bilelikde Siriýanyň demirgazygynda howpsyz zolagyň döredilmegi bilen bagly gazanylan ylalaşygyň gowy bir başlangyçdygyny belläp: “Bu ylalaşygy Manbij meýilnamasyna öwrülmegine, güýmümek etabyna ýüz tutulmagyna rugsat bermeris” diýendigini nygtaýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Akar: Türkiýäniň we DKTR-nyň hukuklaryny uzurpatorlyk edilmegine asla göz ýummarys” söz başyly habarynda, Baş ştabyň başlygy Ýaşar Güler we beýleki serkerdeler bilen bilelikde DKTR-e sapar guran Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akaryň: “Türkiýe hem özüniň hem-de DKTR-nyň hukuklaryny we bähbitlerini hemişe gorady we goramaga dowam eder” diýendigini aýan edýär.

Hürriýet gazedi: “Kappadokiýa bardylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň möhüm syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Kappadokiýa sebitine iýul aýynda 393 müň 728 ýerli we daşary ýurtly syýahatçynyň barandygyny habar berýär. Iýul aýynda ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni iň köp çeken ýer Göreme açyk howa muzeýi boldy.

Sabah gazedi: “Türkiýede ilkinjisi Stambul howa menzilinde başlady” söz başyly habarynda, Stambul howa menzilinde iki robot, terminalyň içinde ýolagçylara konsultasiýa hyzmatyny bermäge başlady. Türkiýede ilkinji gezek Stambul howa menzilinde işlemäge başlan konsultant robotlar, synag etabynyň tamamlanmagyndan soň, sany 4-e ýetiriler. Ýerli önümçilik bolan robotlar, Türkçe we iňlis dilinde ýolagçylaryň soraglaryna jogap berýär, ýolagçylary hem sesli hem-de ekranda görkezýän maglumatlary bilen ugrukdyrýar.

Star gazedi: “Jennifer Lopesden Türkiýe bilen bagly bellik” söz başyly habarynda, Antalýada konsert berip çykyş eden dünýä meşhur aýdymçy Jennifer Lopesiň, konserti bilen baglanşykly özüni sosial media hasabyndan Antalýa heştegi bilen beren bellegi, 11 sagatda 4,5 milliondan gowrak adam tarapyndan seredildi, on müňlerçe jogap aldy. 6-njy awgustda muşdaklarynyň öňünde çykyş eden Jennifer Lopes belligi bilen Antalýany we Türkiýäni tanatdy.


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar