Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1237702
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan Erbildäki hüjüm barada beýannama berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Erbilde guralan hüjüm barada: “Hüjümiň günäkärlerininyň gysga möhletde tapylmagy üçin Yragyň degişli edaralary we ýerlik ýolbaşçylar bilen gepleşikler dowam edýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Türk ýaragly güýçleri PKK terrorçylarynyň Yrakdaky ekspluatirleýiji syýasatynyň öňüni aldy” söz balyly habarynda, Yragyň Türkiýe we Eýran serhet ýakasynda 29 ýyldan bäri 800 obany basyp alan terror guramasy PKK-nyň Türk ýaragly güýçleriniň guran operasiýalary sebäpli terror ýolbaşçylarynyň gaçmaga başlandygyny, ýaragly güýçleriň Milli howpsyzlyk gullugy bilen bilelikde Yragyň içinde gurama garşy alyp barýan operasiýalarynyň netijesinde PKK-nyň aksiýa ukybyny ýitirýändigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Amerikan mediasynyň Türkiýe baradaky üns çekiji analizi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamyny kabul edip almaga başlamagynyň Amerikan halk köpçüliginde giň seslenme döredýändigine ünsleri çekýär. Gazet Amerikan mediasyndaky we ylmy-barlag guramalarynyň analizlerinde Türkiýäniň ABŞ-nyň abaý-syýasatlaryna boýun egmändigine üns çekilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Dördünji gämi hem gidýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzindäki burawlaýyş işleri sebäpli sanksiýa goýjakdygyny beýan eden ÝB-ne jogabyň diýseň berk bolandygyna ünsi çekýär. Gazet Türkiýäniň “Fatih”, “Ýawuz” we “Barbarosdan” soň “Oruç Reis” gözleg gämisini hem Kipriň suw giňişligine ugratjakdygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “Türk howa ýollary Bali adasyna uçuş başlatdy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň İndoneziýanyň dünýä belli dynç alyş merkezi Bali adasyna tarifli uçuş başladandygyny, gönüden ediljek uçuşlaryň hepdede ýedi gezek guraljakdygy mälim edilýär.



Degişli Habarlar