Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1236277
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “15-nci iýulyň 3-nci ýylynda Türkiýe ör turdy” söz başyly habarynda Fetullahçy terror guramasynyň 2016-ncy ýylyň 15-nci iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynyň yza serpikdirilen “15-nci iýul Demokratiýa we milli cebislik gününde” şehitleri hatyralamak üçin Türkiýäniň çarapynda çäreleriň we ýörişleriň geçirilendigini ýazýar. Gazet Ellerinde türk baýdaklary bilen meýdanlara dolan millionlarça adamyň “Ýok bolsun agdarlyşyk, ýaşasyn demokratiýa”, “Şehitler ölmez, watan bölünmez” diýip, şygarlar aýdandygyny, şehitleri dogalar bilen hatyralandygyny okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: şehitlerini unudanlaryň ýürekleri gurar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Fetullahçy terror guramasynyň 2016-ncy ýylyň 15-nci iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynda Stambuldaky göreşiň merkezlerinden biri bolan Atatürk adyndaky howa menzilinde halka ýüzlenip çykyş edendigine ünsleri çekýär. Gazet Erdoganyň howa menzilinde sözlän sözünde: “Agdarlyşyk gicesinde milletiň garaşsyzlygyny we ýurduň gelcegini goramak üçin uçarlaryň, tanklaryn, güllerleriň öňünde duran gahryman milletiň her bir agzasyna hormatly we ýakymly salam! Agdarlyşyk gicesinde şehit bolan 251 gahrymany asla ýatdan çykarmarys. Şehitlerini unudanlaryň ýürekleri gurar” diýen sözlerini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “ “Waşington Posta” 15-nci iýul bildirişi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň köp tiražly gazetlerinden “Waşington Posta” Türk-Amerikan Milli ugrukdyryş topary tarapyndan “Fetullahçy terror guramasynyň Cenaýatlary üçin adalat isleýäris” söz başyly bildirişiň çap etdirilendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Londondaky Türk söwda merkezi üns merkezin öwrüldi” söz başyly habarynda, dünýäniň dürli şäherlerinde açylýan Türk söwda merkezlerinin 13-ncisiniň 2018-nci ýylyň 12-nci sentýabrynda Londonda açylan we gurluşyk pudagyndaky firmalary özünde cemleýän London Keramika Türk söwda merkeziniň üstünlikli işleri durmuşa geçirýandigine ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan: S-400 üçin maksadymyz bilelikde öndürmek” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýada S-400 howa goranyş ulgamyny alyp gelýän uçarlardan 8-ncisiniň Türkiýä gonandygyny nygtap: “Howa goranyş ulgamlarymyz bilen dünýäde belli ýurtlaryň hataryna goşulýarys. İndiki maksadymyz Russiýa bilen bilelikde howa goranyş ulgamyny öndürmek” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar