Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1229369
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Erdogan Hytaýda Si Szinpin bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň prezidenti R.T. Erdoganyň Hytaý Halk Respublikasynda saparda bolandygyny habar berýär. Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpin bilen geçirjek duşuşygyndan ozal gysgajyk beýanat beren Erdogan: “Müňlerçe ýyllyk gatnaşyklara eýe, Ýüpek ýoly bilen biri-biri bilen aragatnaşykda bolan gadymy medeniýetleriň üstünde gurulan Türkiýe-Hytaý hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegi üçin mümkinçiligiň uludygyna ynanýaryn. Bir Hytaý syýasaty, Türkiýe üçin strategik taýdan möhümdir” diýip belledi.

Ýeni Şafak gazedi: “Daşary işler ministrliginden BMG-e PKK bilen bagly berk reaksiýa: Berk ýagdaýda ýazgarýarys” söz başyly habarynda, Türkiýäniň hökümetiniň, BMG-nyň terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-niň gol astyndaky SDG-e serkerdelik edýän ekstremist terror guramasy PKK-a agza Ferhat Abdi Şahin bilen beýleki agza ýurtlaryň habary bolmadan duşuşyk geçirip, Hereket meýilnamasyna gol çekmeginiň, BMG tarapyndan örän erbet bir hereketdigini we berk ýagdaýda ýazgarýandygyny beýan etdi.

Sabah gazedi: “Türkiýeden Asada tabynlykdaky güýçlere Idlib bilen bagly duýduryş” söz başyly habarynda, Türkiýäniň BMG-nyň Ženewadaky ofisiniň hemişelik wekili, Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sadyk Arslanyň, Siriýanyň Idlib şäherindäki gözegçilik nokadyna guralan hüjüm bilen bagly: “Türkiýe Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçilik edilýän ýerinden Türkiýäniň Idlibdäki gözegçilik nokatlaryna guralan hüjümlere garşylyk görkezmekde ikirjiňlenmez” diýip duýduryş berendigini aýan edýär.

Watan gazedi: “Ministr Pekjandan eksport bilen bagly beýanat” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň, eksportyň ýylyň ilkinji 6 aýynda 88,2 milliard dolara ýetendigini belläp: “Respbublika taryhynyň rekordy goýuldy” diýendigini nygtaýar.

Haber Türk gazedi: “Açylyşy farfor ýazgylary bilen boldy” söz başyly habarynda, Stambuldaky Türk we Yslam eserleri muzeýiniň Etnografiýa bölüminiň abatlaýyş işleriniň tamamlanandygyny aýan edýär. Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň hem açylyşyna gatnaşan dabarada Britaniýadan yzyna gaýtarylyp alynan 16-njy asyra degişli farfor ýazgylarynyň tanyşdyrylyşy boldy.


Etiketkalar: #Star , #Sabah , #gazet

Degişli Habarlar