Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1227854
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti” Prezident Erdogan Ýaponiýa FETÖ meselesinde duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ýaponiýadaky Nagoýa Bunri uniwersitetiniň Medeniýet forumynda Türk jemagaty bilen geçiren duşuşygynda möhüm beýannamalar berendigini ýazýar. Gazet Prezident Erdoganyň: “Gözi harsydünýälik, ýigrenç we öýke-kine bilen dolan Fetullahçy terror guramasynyň agzalarynyň ýurdumyzyň abraýyny garalamagyna ýol bermäliň. Ganhor terror guramasy bilen alyp barýan göreşimizde sizden goldawa garaşýarys. PKK, DHKP-J näme bolsa FETÖ hem şeýle. Hiç haýsynyň beýlekisinden tapawudy ýok. Arkalaşykly hereket eden halatymyzda hötdesinden gelinmejek kynçylyk ýok” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Daşary işler ministrligi Liwiýa berk duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Liwiýada Halif Haftara degişli güýçler tarapyndan zamun alynan türk raýatlary boşadylman halatynda Haftara degişli güýçleriň “legal nyşana” öwrüljekdigini duýdurandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Antalýada rekord” söz başyly habarynda, 29-njy iýun güni Antalýa howa ýoly bilen 90,889 syýahatçynyň gelendigini mälim edýär. Habarda şol san bilen şäherde ähli döwürleriň rekordunyň goýulandygy nygtalýar. Gazet şeýlelikde iýuyn aýynda üçünji rekorduň goýulandygyna ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Türkiýäniň “Ýawuz” burawlaýyş gämisi Mersiniň ýalpaklarynda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ikinji burawlaýyş gämisi “Ýawuzyň” düýn Mersiniň ýalpaklaryna labyryny taşlandygyny mälim edýär. Gazet ýangyç we azyk almak üçin Mersiniň Silifke etrabynyň Taşuju etrapçasynyň golaýynda garaşýan gäminiň taýarlyklary tamamlanandan soň burawlaýyş işleriniň çäginde Kipre tarap ýola düşjeldigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Buse Naz Çakuroglu altyn medal aldy” söz başyly habarynda, Belarusyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen 2019-njy Ýewropa oýunlarynyn soňky gününde belli boksçy Buse Naz Çakyroglunyň 51 kilogramda rus boksçy Swetlana Lonuinowany 4-1 hasabynda ýeňip, altyn medal almagyň hötdesinden gelendigini okyjy köpçülüginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar