Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1225412
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Erdogan: Fransiýanyň Ortaýer deňiziniň gündogary bilen bagly beýanat bermäge ygtyýary ýok” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdoganyň Fransiýanyň Ortaýer deňiziniň gündogarynda başdan geçirilýän wakalar bilen bagly beren beýanaty barada: “Bu ýer bilen baglanşykly Fransiýanyň aýtjak hiz zady ýokdyr. Bu ýerde Türkiýe gürlär, sebäbi kepil ýurtdyr. Gresiýa gürlär, sebäbi kepil ýurtdyr. Britaniýa gürlemäge haky bar, sebäbi kepil ýurtdyr. Emma Fransiýa gürläp bilmez, seniň olar ýaly ygtyýaryň ýok” diýdi.

Hürriýet gazedi: “Erdogan: S-400-leri öňümizdäki aý almaga başlarys” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Russiýadan alynjak S-400 howa goranyş ulgamlary bilen bagly beýanat berendigini habar berýär. Erdogan: “Bu mesele boýunça rugsat almak, basyşlara boýun egmek ýagdaýynda däl. S-400-ler meselesi gönüden-göni özygtyýarlyk hukuklarymyz bilen baglanşyklydyr we mundan yza ädim etmeris” diýip nygtady.

Sabah gazedi: “Türkiýe öz goranyş ulgamyny 5 ýylda öndürer” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Yragyň demirgazygynda ýygnanan ekstremist terror guramasyna garşy başladan Penje operasiýasynda uzak aralykly Bora raketasyny ulanýandygyny mälim edýär. Hünärmenlere görä, 30 ýyl bäri raketanyň üstünde işleýän Türkiýe, 5 ýylda Russiýanyň öndürýän S-400 tehnologiýasyna ýeter. 280 km uzaklyga çenli gidip bilýän Bora raketasynyň 1000 km alysa çenli ýetip bilmegi üçin üstünde işleniler.

Ýeni Şafak gazedi: “Russiýanyň polisiýa işgärlerinden soň, indi bolsa harbylar hem Türkiýede dynç alyp bilerler” söz başyly habarynda, Russiýanyň 2014-nji ýylda Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň NATO agza ýurtlarynda dynç almagy gadagan edendigini we Türkiýäni hem gadagan bolan ýurtlaryň sanawyna alandygyny beýan edýär. Şu ýyl Russiýada Içeri işler minstrliginiň işgärleriniň Türkiýede dynç almaklaryna rugsat berýän karar kabul edildi. Bu karardan soň ýene-de bir habar gelip gowuşdy. Russiýa polisiýa işgärlerinden soň harbylaryny hem Türkiýede dynç almaklaryna rugsat bermäge taýarlanýar.

Haber Türk gazedi: “Ziraat bankyna Iň gowy halkara taslama sylagy” söz başyly habarynda, Ziraat bankynyň maliýa dünýäsinde iň gowylarynyň sylaglandyrylýan "Financial Services Forum Product & Service Innovation 2019" sylaglandyrma çäresinde “Iň gowy halkara taslama” sylagyna laýyk görülendigini aýan edýär.


Etiketkalar: #Russiýa , #gazet

Degişli Habarlar