Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1224717
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Arap ýaşlar, lider Erdogan diýdi” söz başyly habarynda, Arap ýurtlarynda geçirilen sowalnamada, arap ýaşlarynyň dünýä liderleriniň arasynda iň oňaýly we ynamly lider hökmünde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogany saýlandyklary mälim boldy. 25 müň arap ýaşynyň arasynda geçirilen sowalnamada iň uly howp bolsa Ysraýyl. Araplar Prezident Erdoganyň Orta Gündogar syýasatyna 51 göterim derejesinde goldaw berýän bolsa, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine 28 göterim derejesinde we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa 12 göterim derejesinde goldaw berýär.

Haber Türk gazedi: “Mewlüt Çawuşoglynyň S-400 bilen bagly beýanaty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Russiýadan alynjak S-400 howa goranyş ulgamy bilen bagly: “Biz S-400-leriň satyn alynmagyndan ýüz öwürmegimiz mümkin däl. Ertirki gün Türkiýä hüjüm guralan mahaly NATO-nyň Türkiýäniň goramagyna garaşyp oturyp bilmeris” diýdi. Çawuşogly: “Haýsy sanksiýa karary bolsa bolsun, haýsy beýanat berilse berilsin: biz S-400-leri aldyk. Mundan beýläk Türkiýä haçan beriljekdigi maslahatlaşylýar. Şonuň bilen bagly işler edilýär” diýdi.

Hürriýet gazedi: “Türk howa ýollary 5 aýda 28,5 million ýolagçyny daşandygyny aýan etdi” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň 2019-njy ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda ýolagçy sanynyň 28,5 milliondygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ýolagçy sanynda daşary ýurtlara amala aşyrylýan gatnawlarda 1,0 göterimlik artyşyň bolandygy habar berildi. Tranzit ýolagçy sanynda bolsa geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 2,4 göterimlik artyşyň bardygy mälim edildi.

Watan gazedi: “Antalýa syýahatçylygynda iýun aýynda ilkinji gezek 5 milliondan geçdi” söz başyly habarynda, syýahatçylyk taryhynyň iň gowy ýylyny başyndan geçirýän Antalýadan täze rekord habarlary gelmäge başlandygyny beýan edýär. Ilkinji gezek iýun aýynda şähere 5 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçy geldi. 23-nji iýuna çenli jemi syýahatçy sany 5 million 27 müň 73-e ýetdi. 1-23-nji iýun aralygynda syýahatçy sany 1 million 727 müň 280 adam dynç almaga gelen bolsa, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 15 göterimlik artyş boldy.

Star gazedi: “Nemes awtomobil ägirdi Volkswagen, Türkiýä maýa goýum üçin gepleşikler geçirýär” söz başyly habarynda, awtomobil ägirdi Volkswagen kärhanasynyň maýa goýum üçin Türkiýe bilen gepleşikler geçirýändigini habar berýär. Volkswagen kärhanasynyň ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Herbert Diessiň çarşenbe güni mesele bilen bagly Türkiýä sapar gurajakdygy, ýokary derejeli gepleşikleriň gowy gidýändigi we Türkiýäniň maýa goýumlar üçin mümkinçiligi uly bolan ýurtlaryň sanawynda öň hatara çykýandygy aýan edildi.



Degişli Habarlar