Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1224092
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Prezident Erdogan: Stambula düşümli bolsun” söz başyly habarynda, Ýurdyň prezidenti we Ak partiýanyň başlygy Rejep Taýýip Erdoganyň, Stambulda gaýtadan geçirilen ýerli saýlawyň Stambul üçin düşümli bolmagyny diläp, saýlawda resmi bolmadyk netijelere görä ýeňiş gazanan Ekrem Ymamoglyny gutlandygyny habar berýär. Prezident Erdogan: “Stambulda ýaňadandan geçirilen ýerli saýlawyň Stambul üçin düşümli bolmagyny dileýärin. Milli ygtyýar şu gün ýene-de bir gezek özüni görkezdi. Resmi bolmadyk netijelere görä saýlawda üstün çykan Ekrem Ymamoglyny gutlaýaryn” diýip belledi. Mundan ozal bolşy ýaly öňümizdäki döwürde hem demokratiýadan, hukukyň üstünliginden, asudalykdan we durnuklylykdan ýüz öwürmeden, Jemhur arkalaşygynyň ýörelgeleriniň çäginde, birlik we jebislik içinde 2023-nji ýyl Döwlet maksatnamasyna tarap ýörejekdiklerini aýdan Erdogan: “Şu aýyň ahyrynda geçiriljek G20 maslahaty, Hytaý saparymyz we ondan soň geçiriljek Günorta Ýewropa we Balkanlar maslahaty başda bolmak bilen, Türkiýe öňündäki ähli içerki we daşarky meselelere, milli bähbitlerimiziň çäginde janypkeşlik bilen ýoluny dowam etdirer” diýip nygtady.

Ýeni Şafak gazedi: “Mejlisiň başlygy Şentop: Milli ygtyýar ýene-de bir gezek özüni görkezdi” söz başyly habarynda, TBMM-niň başlygy Mustafa Şentopyň, 23-nji iýunda geçirilen saýlawyň Türkiýäniň demokratik tejribesi bilen we milli ygtyýaryň ýene-de bir gezek ýüze çykmagy bilen netijelenendigini beýan edýär. Mustafa Şentop: “Stambulyň şäher häkimi wezipesine saýlanan Ekrem Ymamoglyny gutlaýaryn, Stambula düşümli bolmagyny dileýärin” diýdi.

Sabah gazedi: “Ymamogly: Ylalaşyk bilen işlemäge taýardyryn” söz başyly habarynda, Stambulyň şäher häkimi wezipesine resmi bolmadyk netijelere görä saýlanan Respublikan Halk partiýasynyň dalaşgäri Ekrem Ymamoglynyň: “Saýlawda bütin Stambul gazandy. Täze bir sahypa açyldy. Hiç kimi aýyrmadan işlärin. Hormatly Prezidentim, siz bilen ylalaşyk içinde işlemäge taýardyryn” diýip nygtady.

Star gazedi: “Mursiniň ogly Abdullah, Erdogana minnetdarlyk bildirdi” söz başyly habarynda, Müsürde kazyýet zalynda ýogalan ýurdyň demokratik ýollary arkaly saýlanan ilkinji prezidenti Muhammed Mursiniň maşgalasynyň, Türkiýäniň prezidenti R.T. Erdogan başda bolmak bilen özlerini ýeke goýmadyk ähli adamlara minnetdarlyk bildirendigini mälim edýär. Kakasy üçin dünýäde millionlarça adamyň jynaza namazyny okandygyny aýdan Abdullah: “Ozal bular ýaly zada şaýat bolmadyk. Herkime esasan hem hormatly Erdogana, Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sana we kakasyna, Malaýziýanyň hökümetine we Tunisiň ozalky prezidenti Munsif el-Merzuka sag bolsun aýdýarys” diýip belledi.

Watan gazedi: “Terror guramasyna agyr zarba! Sanlary köpelýär” söz başyly habarynda, Yragyň Hakurk sebitinde dowam edýän Penje operasiýasy bilen bilelikde Yragyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 96-a ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 27-nji maýda başlan operasiýada Yragyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 96-a ýetdi.



Degişli Habarlar