Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1221128
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň ABŞ-na F-35 baradaky jogaby” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Patrik Şanahanyň Russiýadan satyn alynan S-400 raketa goranyş ulgamy baradaky hatyna jogap ýazandygyny mälim edýär. Habar Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada: “Hatda hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýän usula we çemeleşmä bildirilen biynjalykly ýenede bir gezek nygtalyp, mälim garaýyşlarymyz we tekliplerimizi giňişleýin beýan edildi. İki taraply sylaşyga we dostluga esaslanýan gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň hem-de meselelere ýerlikli çözgüdiň tapylmagy ugrundaky tagallalaryň dowam etdirilmeginiň ähmiýetine üns çekildi” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň çar tarapynda Muhammed Mursi üçin gaýybana jynaza namazy okaldy” söz başyly habarynda, Müsüriň huntajy hökümeti tarapyndan jenaýat jogapkärçiligine çekilen kazyýet diňleşiginde öňňin aradan çykan Müsiriň ozalky Prezidenti Muhammed Mursi üçin Türkiýäniň çar tarapynda gaýybana jynaza namazynyň okalandygyny mälim edýär. Gazet jynaza namazynyň ýany bilen harby agdarlyşyk bilen hâkimiýet başyna gelip, saýlanan Prezident Muhammed Mursiniň tussag edilmegine sebäp bolan Sisä we hökümetine garşy protest aksiýasynyň geçirilendigini ýazýar.

“Star” gazeti “ “Ýawuz” ertir burawlaýyş işlerine ugradylar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň “Ýawuz” burawlaýyş gämisiniň ertir Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna ugradyljakdygyny aýdandygyny mälim edýär. Habarda ministr Dönmeziň: “ “Ýawuz” burawlaýyş gämimiz iýul aýynyň başynda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndan alan rugsat giňişliginde ilkinji burawlaýyş işlerine başlar” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe geotermal energetikada üpjünçiligini artdyrmakda dünýä lideri” söz başyly habarynda, Türkiýäniň geotermal energetikada eý ebolan mümkinçiliginiň geçen ýyl öňki ýyl bilen deneşdirilende 21 göterime barabar ýokarlap, 1282 megawata ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şeýlelikde dünýäde 219 megawat bilen geotermal energetikada iň önümçilik artyşynyň Türkiýede edilendigini nygtaýar.

“Watan” gazeti “Türkiýe ÝB bilen söwda gatnaşygynda 827,7 million ýewro artykmaçlyk gazandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň aprel aýynda ÝB bilen 827,7 million ýewro söwda artykmaçlygyna eýe bolandygyny nygtap, Ýewropanyň Hasabat guramasynyň sebit boýunça aprel aýyndaky halkara söwda görkezijilerini çap edendigini, şol görkezijilere görä Türkiýäniň ÝB-ne 6,89 milliard ýewrolyk eksport edendigi, ÝB-den bolsa Türkiýä 6,67 milliard ýewrolyk eksport edilendigi şeýlelikde 827,7 million ýewrolyk söwda artykmaçlygynyň gazanylandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar