Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýruduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1219563
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Türkiýe sebitleýin däl, global güýç” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Aziýada möhüm güýç balansynyn emele gelendigini nygtap, syýasaty ugrukdyryjylaryň hataryna goşulmak üçin sebitiň däl, bütin dünýäniň syýasaty ugrukdyryjylarynyň hataryna goşulmalydygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet Türkiýäniň hem sebitinde we dünýäde güýçli, täsirli güýje öwrülendigini beýan eden Erdoganyň: “Ondan yza gaýtmarys” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Erdoganyň S-400 baradaky beýanaty dünýä metbugatynda giň seslenme döretdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky S-400 howa goranyş ulgamynyň alynmagy baradaky ylalaşygy bozmak üçin edýän abaý-syýasatlarynyň güýçlenýän günlerinde Prezident R.T.Erdoganyň: “S-400 goranyş ulgamy iýul aýynyň birinji ýarymynda Türkiýä gowşurylar” diýen sözleriniň dünýä metbugat giň seslenme döredendigini mälim edýär. Gazet merkezi Londonda ýerleşýän halkara hababar gullufgy “Reýteriň”, “Taýms of İsrael”, “İýerusalim Post”, “Al Jazira” teleýaýlymy, “TASS”, “Frans 24”, “Press TW”, Gresiýanyň “Katimerini” ýaly köp sanly halkara köpçülikleýin  habar beriş serişdeleriniň Erdoganyň egilşiksiz pozisiýasyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Erdogan: Fransiýanyň Gündogar Ortaýer deňzinde söz hukugy ýok” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “Türkiýe Gündogar Ortaýer deňzindäki işlerini bes etmeli” diýen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona berk reaksiýa bildirendigini ýazýar. Gazet Fransiýanyň Gündogar Ortaýer deňzinde söz hukugynyň ýokdugyny beýan eden Erdoganyň: “Fransiýa Gündogar Ortaýer deňzine kenardaşmy? Hormatly Makron bu işlerde tejribesiz. Henizem öwrenip bilmedi, öwrenýänçä köp wagt geçer” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Ministr Kurum G20-de Türkiýä maýa goýuma çagyrdy” söz başyly habarynda, Daşky gurşaw we şäher gurluşygy ministri Murat Kurumyň Ýaponiýanyň Nagano şägeriniň Karuizawa etrapçasynda geçirilen G20-niň Daşky gurşaw we şäher gurluşygy ministrleriniň maslahatynda çykyş edip, daşary ýurtly maýadarlary köp sanly mümkinçilikleri we ýeňillikleri hödürleýän Türkiýä maýa goýmaga çagyrandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar