Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1218630
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Çawuşoglyndan ABŞ-nyň S-400 hatyna jogap” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, ABŞ-nyň S-400 bilen bagly hatyna: “Bu hatyň düzümini kabul etmeýäris. Hiç kim Türkiýä ultimatum berip bilmez. Türkiýe S-400 ýaraglaryny satyn aldy. S-400-ler Türkiýä geler. Türkiýe bular ýaly hatlar bilen kabul eden kararyndan dänmez” diýendigini beýan edýär.

Sabah gazedi: “Dünýäniň iň güýçli goşunlary” söz başyly habarynda, Dünýäniň iň güýçli goşunlary haýsylar? Sabyrsyzlyk bilen garaşylan sanawyň aýan bolandygyny habar berýär. Globalfirepower saýty esger sany, harby ulaglar, ykdysady güýç, strategik ýerleşişi ýaly maglumatlardan esaslanyp dünýä ýurtlarynyň goşunlarynyň harby güýçlerine bal berýär. Eýýäm ençeme ýyl bäri saýtyň berýän balyna görä Türkiýäniň goşuny dünýäniň iň güýçli goşunlary sanawynda öňdäki orunlarda. Türkiýäniň goşuny dünýäniň 50 ýurdunyň arasynda 9-njy orunda.

Watan gazedi: “Türkiýä pul ýagdy! Daşary ýurtly maýadarlar..” söz başyly habarynda, global gönüden daşary ýurt maýa goýumlarynyň 2018-nji ýylda 13 göterim azalyp, 1,3 trillion dollar derejä ýetendigini aýan edýär. Türkiýe bolsa 2018-nji ýylda Günbatar Aziýa sebitinde iň köp daşary ýurt maýasyny özüne çeken ýurt boldy. Türkiýä gönüden maýa goýumlar 13 göterim artyp, 13 milliard dollar barabar boldy.

Star gazedi: “THÝ-nyň ilkinji düýş uçary asmanda” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň düýş uçar diýip atlandyrýan ilkinji Boeing 787-9 Dreamliner uçarynyň asmana uçandygyny habar berýär. Boeingiň Ewerett bazasyndan synag uçuşy üçin uçan TC-LLA belgeli uçar, şu aýyň ahyrynda THÝ-nyň flotyna goşular. 14 müň 140 km uzaklyag çenli gidip bilýän Boeing B787-9 kysymly uçar Türkiýedäki ilkinji uçuşyny bolsa 8-nji iýulda Stambuldan Antalýa amala aşyrar.

Hürriýet gazedi: “Parižde kiçijek Tükriýe. Ilkinji gezek sergilener” söz başyly habarynda, Türkiýäniň TUSAŞ kärhanasynyň Milli harby uçarynyň meňzeş modelini ilkinji gezek 17-23-nji iýun aralygynda geçiriljek Halkara Pariž Airshow sergisinde sergilenjekdigini habar berýär. Türkiýe, şeýlelik bilen täze nesil uçar kategoriýasynda aýratyn bir orny bolan 5-nji nesil harby uçaryny, ABŞ, Russiýa we Hytaýdan soň öndürip biljek infrastruktura we tehnologiýa eýedigini ýene-de bir gezek görkezer. 

 


Etiketkalar: #gazet , #THÝ , #uçar

Degişli Habarlar