Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1217819
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan: “Türkiýe S-400 ulgamyny aldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň S-400 howa goranyş ulgamy baradaky çekeleşiklere soňky nokady goýandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň: “S-400 goranyş ulgamyn alar diýemok, aldy. Biz bu işi tamamladyk. Enşalla geljek aý ulgam ýurdumyza gowşurylar. Bu ulga hüjüm däl, goranyş ulgamy. Men ýurdumy goramak üçin degişli çäreleri görmäýinmi? Kimdir birine soramalymy” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “ABŞ-nyň S-400 baradaky masgaraçylykly hatyna Türkiýe berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň ABŞ-nyň Goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Patrik Şanahanyň S-400 raketa goranyş ulgamyny alynmagy barada ugradan hatyna berk reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Gazet ministr Akaryň “Şanahanyň hatynyň ýazylyş usulynyň hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýändigini gördük. Degişli taýarlyklar görülýär, jogap ýazýarys” diýen sözlerini ýazýar.

“Star” gazeti “HAWELSAN-a” Katardan kiber howpsyzlyk jogapkärçiligi” söz başyly habarynda, energetika, telekkumikasiýa, awtoulag, howpsyzlyk ugurlarynda iş alyp barýan Kataryň belli halkara firmalaryndan “Žaidah Grup” firmasynyň kiber howpsyzlyk çözgütlerinde “HAWELSAN” bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşandygyny mälim edýär. gazet firmasynyň “HAWELSAN-yň” kiber howpsyzlyk tejribesinden peýdalanjakdygyny we haryt hem-de çözgütlerinden peýdalanypdyp, kiber howpsyzlyk ukybyny kämilleşdirjekdigine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäniň iň hümmetlisi THÝ” söz başyly habarynda, Halkara marka seljeriş guramasy “Brand Finansyň” barlaglaryna görä Türk howaýollarynyň 1,7 milliard dollardan geçýän marka gymmaty bilen geçen ýyl bolşy ýaly şu ýyl hem Türkiýäniň iň hümmetli markasy bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti” Bar Rafaeli: Türkiýäni şeýle gowy görýän” söz başyly habarynda, ysraýylly model Bar Refaeliniň Antalýada geçirilen “Dosso Dossi Moda Şou” çaresinde podiua çykandygyny ýazýar. Gazet Refaeliniň şoudan soň geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýäni şeýle gowy görýändigini aýdandygyny mälim edýär. gazet Fefaeliniň: “Türkiýe öýüme diýseň ýakyn. Türk zenanlary özüne gowy seredýär. Türkiýeden tanaýan meşhurym diňe Nusret Gökçe” diýen sözlerine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar