Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1204464
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýäniň milli harby uçary 2023-nji ýylda angardan çykar” söz başyly habarynda, Goranmak senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demiriň, milli harby uçarynyň F-16-laryň ýerini aljakdygyny aýdandygyny habar berýär. Uçaryň umumy bölekleriniň orta çykandygyny aýdan Demir: “Uçarymyzyň podsistemalary bilen bagly işler dowam edýär. Uçarymyz 2023-nji ýylda angardan çykar” diýdi. Demir, programmanyň käbir etaplarynda täze daşary ýurt hyzmatdaşlyklaryň bolup biljekdigini beýan etdi.

Star gazedi: “Türkiýe Gündogar Ortaýer deňizinde öz hukuklaryny goramaga dowam eder” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, beýik we güýçli Türkiýäniň maksatlary üçin ädim ätmäge dowam etjekdiklerini aýdandygyny mälim edýär. “Biz bir boldugymyz saýyn, iri boldugymyz saýyn, diri boldugymyz saýyn hiç kim bizi maksatlarymyzdan dändirip bilmez” diýen Fatih Dönmez: “Gündogar Ortaýer deňizinde ýurdumyzyň, mileltimiziň we DKTR-nyň hukuklaryny goradyk, goramaga dowam ederis” diýip belledi.

Watan gazedi: “Aziýadan Türkiýä 466 million dollarlyk maýa” söz başyly habarynda, 2018-nji ýylyň mart aýynda 835 million dollar derejesinde durmuşa geçirilen daşary ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň Türkiýedäki gönüden maýa goýumlarynyň, 2019-njy ýylyň şol döwründe 820 million dollar derejesinde bolandygyny beýan edýär. Şol döwürde Türkiýä gönüden maýa goýumlaryň 466 million dollar aziýaly, 342 million dollary ýewropaly, 10 million dollary amerikaly we 2 million dollary afrikaly maýadarlardan geldi. Şeýlelik bilen Türkiýä mart aýynda goýulan gönüden maýa goýumlaryň 56,8 göterimi aziýaly maýadarlardan geldi.

Haber Türk gazedi: “Taryhy we medeni mümkinçilikler syýahatçylykda tanyşdyrylar” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alparslanyň, Türkiýäniň taryhy we medeniýeti bilen deňi-taýy bolmadyk baýlyga eýe bir hazynanyň üstündedigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Adamzat taryhynyň bu topraklarda başlap, şu güne çenli ýaşandygyny aýdan Alparslan, bu taryhy ýolagçylykda adamlaryň deňsiz-taýsyz eserlerini bu topraklarda goýup gidendiklerini beýan etdi. Eserleriň goralmagy we ulanylmagy babatynda örän parasatly çemeleşýändiklerini aýdan Alparslan, munyň bilen baglanşykly köptaraplaýyn programma taýýarlandyklaryny we işler alyp barýandyklaryny habar berdi.

Hürriýet gazedi: “Irem Ýaman taryh ýazdy! 2-nji gezek dünýä çempiony” söz başyly habarynda, Bütindünýä Taekwondo çempionatynda milli türk türgeni Irem Ýamanyň, zenanlaryň arasynda 62 kg agyrlygynda altyn medala eýe bolandygyny mälim edýär. Britaniýanyň Mançester şäherinde geçirilen çempionatyň soňky gününde 62 kg agyrylygynda bäsleşen Irem Ýaman, final tutluşykda Braziliýaly Karoline Santos bilen duşuşdy. Ýaman garşydaşyndan 21-7 hasabynda üstün çykyp, dünýä çempiony boldy. Irem, 2 gezek dünýä çempiony bolan ilkinji türk zenan taekwandoçy hökmünde adyny taryha ýazdyrdy.


Etiketkalar: #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar