Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1200753
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “ “Atmaja” raketasy üçin taýarlyklar dowam edýär” söz başyly habarynda, dünýädäki nusgalaryndan ýokary özboluşlyklara eý ebolan we köpçülikleýin öndürilmegi üçin şertnama bağlaşylan Türkiýäniň ilkinji deňiz raketasy “Atmajanyň” 1-1,5 ýylyň dowamynda gämilere ornaşdyrylmaga başlanjakdygyny ýazýar. Gazet ähli howa şertlerinde ulanmaga amatly bolan döwrebap gönükdirmeli raketa bolan “Atmajanyň” garşy çärelere çydamly, nyşanany aktuallaşdyrma, gaýtadan hüjüm etme we görkezmäni bes ediş hem-de soňky görkezmeleri meýilleşdiriş ulgamy arkaly üýtgewsiz we hereketli nyşanalary urmakda kämildigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “THÝ 2018-nji ýylda mobil şertlerde 4,1 million petek satdy” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň ýolagçylarynyň 2018-nji ýylda mobil şertlerde 4,1 million sany petek alandygyna ünsleri çekýär. Habarda täze özgertmeler we ulanmaga berilen aplikasiýalaryň ýolagçylar üçin ynamdar syýahat asisentine öwrülendigi mälim edilýär. Gazet mobil aplikasiýalaryň 2018-nji ýylda 75,2 million ýolagçy gatnadan Türk howaýollarynyň üstünligine goşant goşandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Kişmiş eksportynda “Uzak Gündogar” berekedi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň mişmiş eksportynda uzak ýyllardan bäri Uzak Gündogar bazaryna edilýän eksportyň rekord derejede ýokarlap Hytaýa 120, Ýaponiýa 87 göterim artandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Russiýa Antalýa uly gyzyklanma bildirýär” rus syýahatçylarynyň medeni gezelençleriň hatarynda birinji orny eýeleýän Antalýanyň taryhy etrapçasy Kaleiçine gelip, mistiki özbolyşlyga eýe bolan taryhy ýadyrgärlikleri gezip görýändigini ýazýar. Gazet rus syýahatçylaryň dar we kiçi köçeleri, agaç öýleri bilen özüne mahsus gurluşa eýe bolan Kaleiçini diýseň halaýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Dawid Garrett Stambula geler” söz başyly habarynda, dünýä meşhur nemes kemanjysy Dawid Garrettiň 21-nji sentýabrda Stambulda konsert berjekdigini ýazýar.



Degişli Habarlar