Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1189663
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan: Türkiýä töhmet atýanlaryň ählisiniň pajygaly geçmişi bar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Beşltepe Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde geçirilen maslahatda sözlän sözünde ermeni meselesi we terrorçylyga garşy göreş arkaly Türkiýä adam hukuklary hem-de demokratiýa dersini bermäge synanşýanlaryň ählisiniň pajygaly geçmişiniň bardygyny aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Altun: 1915-nji ýyldaky wakalardan syýasy bähbit gözlenmesin” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasynyň başlygy Prof.Dr.Fahrettin Altunyň 1915-nji ýyldaky wakalardan syýasy bähbitler üçin peýdalanman, dogry we hakyky maglumatlara görä seljerilmelidigini, üçünji ýurtlaryň bir taraply garaýyşlaryna esaslanýan ideologik analizlerden el çekilmelidigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Dört esgeriň şehit bolan etrabyna howa operasiýasy geçirildi” söz başyly habarynda, Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynyň Kawuşak Seriberi atly harby baza girmäge synanşan PKK/PÝD terrorçylarynyň howa operasiýasy arkaly täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim edýär. Gazet howpsyzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä PKK/ÝPG terrorçylarynyň öňňin harby bazanyň ýerleşýän ýerine girmäge synanşandygy anyklandy. Howa güýçleri serkerdeli tarapyndan geçirilen operasiýada 19-njy aprelde 4 esgeriň şehit bolan ýerinde terrorçy topary täsirsiz ýagdaýa getirildi.

“Hürriýet” gazeti “Türk awtoulag pudagy Latyn Amerikada” söz başyly habarynda, türk awtoulag pudagynyň Latyn Amerikanyň esasy awtoulag ätiýaç şaýlary, enjam we serwis sergisi “Automek 2019-a” 29 firma bilen gatnaşýandygyny mälim edýär. Gazet Expo Sao Paulo sergi merkezinde geçirilen “Automek 2019” sergisine 20-den gowrak ýurtdan müňe golaý firmanyň gatnaşýandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “İňlis syýahatçylarynyň sanynyň 40 göterim ýokarlamagyna garaşylýar” söz başyly habarynda, Türkiýede iňlis syýahatçylarynyň esasan isleg bildirýän ýerleriniň başynda durýan Marmaris etrabyna şu ýylyň dowamynda geljek syýahatçylaryň sanynyň 40 göterim ýokarlamagyna garaşylýandygyny mälim edýär. Gazet bu barada maglumat beren Türkiýäniň Syýahat gulluklary bileleşşiginiň Marmaris etrap wekili Suat Esiniň: “Şu ýyl ähli ýurtlardan geljek syýahatçylaryň sanynyň ýokarlamagyna garaşýarys. Aýratynam iňlis syýahatçylarynyň sanynyň 40 göterime çenli ýokarlajakdygyny görýäris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.



Degişli Habarlar