Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1186353
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Prezident Erdogan “Faýneýşl Taýms” gazetine berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “Faýneýş Taýms” gazetiniň Türkiýe barada berýän ýoýulan habarlaryna ünsi çekip: “Türkiýe soňky ýyllarda halkara garalama kampaniýasyna sezewar bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzdaky ykdysadyýet şertler barada günbataryň ähli media organlary ykdysadyýetimizi çöken ýaly görkezýärler. Siz näme edeninizde-de Türkiýe dim-dik aýak üstünde, ýoluna güýçlenmek bilen dowam edýär” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Kalyn: “Türkiýe-Siriýa serhedinde howpsyzlyk zolak iş ýüzüne geçirildi” söz başyly habarynda, Prezidenti metbugat Sekretary İbrahim Kalynyň Türkiýe-Siriýa serhedinde howpsyz zolagyň emele getirilendigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Kalynyň Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde düýn geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugat ýygnagyny geçirip, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Antalýa syýahatçylyk möwsümine taýar” söz başyly habarynda, şu ýyl 16 million syýahatçy kabul etmegi nazarda tutýan we döredýän şertleri bilen Ýewropada nusgawy häsýete eý ebolan türk syýahatçylyk pudagynyň merkezi Antalýada, myhmanlaryň amatly şertlerde dynç almaklary üçin taýarlyklaryň tamamlanandygyny mälim edýär. Habarda Antalýada myhmanhanalaryň gyş aýlarynda ýapylan plýažlara sekileriň ýaňadandan gurlandygyny, saýawanlaryň abatlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýeden 60 ýurda agaç sünnäleme enjamy eksport edildi” söz başyly habarynda, Agaç sünnäleme enjamlary we kömekçi senagat pudagynyň işewürleri jemgyýetiniň başlygy Mustafa Sabri Erolyň agaç sünnäleme enjamlarynyň we kömekçi senagatyň günsaýyn ösýändigini, ýurduň ykdysadyýetine möhüm goşant goşýandygyny nygtap, Türkiýäniň 60-a golaý ýurda agaç sünnäleme enjamlaryny eksport edendigini aýdandygyny ýazýar. Pudak 2018-nji ýylda 120 million dollarlyk eksport etdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Izmiriň bollosy dünýä bazarynda” söz başyly habarynda, Izmiriň geografik belgisi hökmünde kabul edilen bollonyň tapawutly görnüşlerde öndürilip ABŞ-nyň we Ýewropanyň bazarlaryna hödürlenendigini mälim edýär. Gazet Antep hozy, injir, peýnir ýaly azyk önümeri goşulyp öndürilen bollosyň diýseň halanýandygyna ünsleri çekýar.



Degişli Habarlar