Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1184969
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Şweýsariýanyň mediasyndan Stambul howa menziline uly öwgi: Haýran galdyrýar” söz başyly habarynda, Şweýsariýanyň meşhur gazetlerinden biri bolan Neue Zürcher Zeitung gazediniň işgäri Birgit Woigtiň “Stambul howa menzili haýran galdyrýar” atly makalasynda, “Täze Stambul howa menzili gözüňi gamaşdyrýar. Howa menzili hakykatdan hem öwgä mynasyp bolan ýokary derejeli şertleri hödürleýär, ýolagçy zaly ägirt uly, ähli zat parlaýar” diýendigini habar berýär.

Sabah gazedi: “Gurluşyk pudagyndan guwandyryjy habar: 12 aý soň ýokarlamaga başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň gurluşyk materiallary senagatçylary jemgyýeti (Türkiýe IMSAD) tarapyndan her aý taýýarlanýan habarnamada, Gurluşyk pudagynyň 12 aý dowam eden aşaklamasyndan soň, mart aýynda durandygyny we ýaňadandan ösmäge başlandygyny mälim edýär. Aktiwlik indeksi, mart aýynda fewral aýyna garanyňda 2,1 bal artdy. Bu netijä görä, öňümzidäki günlerde önümçilik we iş orunlarynda artyşyň bolmagyna garaşylýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Musulman bolan amerikaly aýdymçy türk lirasyna eýe çykdy” söz başyly habarynda, Türkiýä ýerleşeninden soň musulman bolan we türk halky tarapyndan halkhalar bolan amerikaly aýdymçy Della Milesiň, türk lirasynyň dünýäde mynasyp bolan derejesine eýe bolmaldygyny belläp, çykyş eden mahaly alýan pullaryny türk lirasynda almaga karar berendigini aýdandygyny aýan edýär. Bir tarapdan Ýewropanyň iň uly konsert zallarynda on müňlerçe adamyň öňünde çykyş edýän, beýleki tarapdan bolsa haýran galan Türkiýäniň adyndan meýletin syýahatçylyk ilçisi wezipesini öz üstüne alan Miles, sahna pullaryny türk lirasynda alyp tutanýerliligini görkezdi.

Haber Türk gazedi: “Siwasdaky Kyzylçan köli görenleri haýran galdyrýar” söz başyly habarynda, Siwas welaýatynyň Zara etrabynyň Janowa obasynda ýerleşýän we firuza reňki bilen ünsleri özüne çekýän kölüň, görenleri haýran galdyrýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Depeleriň birinde takmynan 100 metr çuňlukdaky krater çukurunda ýerleşýän köl, myhamanlara we fotograflara garaşýar. Obanyň ýaşaýjylary “Wulkan kölüniň düýbüni gören ýok” diýýär. Howanyň ýagdaýyna görä reňki üýtgeýän kölde balyklar hem ýaşaýar.

Hürriýet gazedi: “Türkiýäniň iň gowy goralan obasy: Adatepe” söz başyly habarynda, Çanakkale welaýatynyň Aýwajyk etrabynyň Küçükkuýu etrapçasynda ýerleşýän kiçiräk bir oba bolan Adatepe obasy, Türkiýäniň iň gowy goralan obasy hökmünde tanalýar. Grek we türk binagärçilik sungatynyň yzlaryny daşaýan binalaryň ýerleşýän Adatepe obasy, asudalyga açylan bir aýnadyr. Köne daş öýleri bilen myhmanlary kabul edýän Adatepe obasynda, köne degirmenler, zeýtun bilen bagly dükkanlar we zeýtun ýetişdirmek bilen bagly muzeýler bar.


Etiketkalar: #gazet , #köl , #oba , #wulkan

Degişli Habarlar